ADYL KANUNLY DÖWLET

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylýan şanly ýylymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleriniň netijesinde her bir pudakda beýik ösüşler gazanylýar. Bu bolsa biziň ýagty geljegimiziň has hem pajarlap ösmegini kepillendirýär. Esasanda bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň milliligini saklamak we geljekki nesillere ýetirmek her bir döwlet işgäriniň Watan öňündäki mukaddes borjudyr. Döwlet gullugynyň esasy ýörelgeleri, döwlet gullugynyň görnüşleri, wezipeleri «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda görkezilip, şu kanun esasynda döwlet gullukçylarynyň öz wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirenlerinde bolan hukuklary, döwlet gullukçylarynyň borçlary beýan edilýär. «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndaky ähli düzgünler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar.

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bank ulgamynda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, hyzmatlaryň hilini has-da kämilleşdirmek, işgärleriň döwlet gullugynda bildirilýän talaplary barada wagyz etmek maksady bilen Kerki etrabynyň Türkmenistanyň «Türkmenistan» DTB Kerki etrap şahamçasynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda «Adyl kanunly Döwlet» atly duşuşyk geçirildi. Ýygnagyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň, Kerki etrap kazyýetiniň, Türkmenistanyň «Türkmenistan» DTB Kerki etrap şahamçasynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyş edenler döwlet gullugynda işlemegiň we özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Duşuşygyň ahyrynda ildeşlerimiz bagtyýar durmuşda ýaşap, halal zähmet çekmek üçin döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyp, janlarynyň sag, işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Öňki makala

ŞADYÝAN TOMUS

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY