Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň kämil bilim almaklary, sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri, şadyýan dynç almaklary hem-de zehin başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzda körpe nesiller alada bilen gurşalyp alynýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň tomus paslynda welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesi Awazadaky, Gökderedäki hem-de beýleki dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde döwrebap dynç alýarlar. Şolaryň biri hem, welaýatymyzda ýerleşýän “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezidir.
Bu ýerde çagalar dynç alyş günlerini bagtyýar, şadyýan we manyly geçirýärler. Ýaşajyk myhmanlary merkeziň terbiýeçileri mähir we alada bilen gurşaýarlar. Merkezde kompýuter otaglary, naharhana, suwa düşülýän howuzlar, sport we oýun meýdançalary çagalaryň hyzmatynda.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi tarapyndan hem, ýörite meýilnama esasynda “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezindäki çagalaryň arasynda konsertler, wagyz-nesihat duşuşyklary, sport ýaryşlary, dürli bäsleşikler guralýar. Geçirilýän çärelere çagalar uly höwes bilen gatnaşýarlar. Ýaryşlaryň ýeňijileri bolsa, Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylýar.
Ýaş nesillerimiz üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ýazjemal BAZAROWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.