Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde, güneşli Diýarymyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegi, olaryň millilik, watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi, jennet mekan – Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň ýurdudygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň şeýledigine, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň gyzgalaňly dowam edýän tomusky dynç alyş möwsümindäki geçirilýän çärelerden hem göz ýetirmek bolýar.
Gadymy Daşoguz topragynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň guramagynda, meýilnamalaýyn esasda yzygiderli zehin we döredijilik bäsleşikleri, edebiýat agşamlary, wagyz-nesihat duşuşyklary, sport ýaryşlary geçirilýär. Çärelere merkezde dynç alýan çagalar işjeň gatnaşýarlar. Geçirilýän duşuşyklar özüniň täsirliligi we ýatda galyjylygy bilen tapawutlanýar. Bäsleşikler bolsa, gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçýär. Ýaryşlarda ýeňiş gazanan toparlara Ýaşlar guramasynyň ýerlerdäki Geňeşleri tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar.
“Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň” çäklerinde geçirilýän bu çäreler ýaş nesilleriň jemgyýetçilik işjeňligini höweslendirmäge, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti durmuş taýdan kemala getirmäge, şeýle hem, olaryň oňat dynç almagyna hem-de täze okuw ýylyna ynamly taýýarlykly barmagyna itergi berýär. Muny diýmek bilen, “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan” gelip çykýan wezipeleriň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygyny, onuň durmuşa geçmesi üçin bolsa, ýaş nesilleriň işjeň gatnaşýandygyny ynamly aýtmak bolýar. Bu bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesiller hakynda edýän ummasyz aladalaryna hoşallyk jogap hökmünde bolar.
Tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän her bir bagtyýar çaganyň gözlerinden hormatly Prezidentimize, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüni duýmak bolýar.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.