Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär we Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly kepillendirilýär. Adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, höweslendirmek, goramak we berjaý etmek meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek Türkmenistanda adamlar üçin has amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek maksatlarynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisi bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk Agentligi (KOICA) tarapyndan 2024-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň wekilleriniň Koreýa Respublikasynda geçirilýän “Aziýanyň adam hukuklary boýunça ýerli dolandyryş edaralarynyň bilimini ýokarlandyrmak” atly okuw maksatnamasy boýunça iş sapary dowam edýär. Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bar.
Bilşimiz ýaly, iki ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasatyň netijesinde, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, özara ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär.
Akjagül ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň laboranty.