Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olary Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyza mynasyp esasda terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, döwlet derejesinde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün ýaş nesle durnukly ösüşiň we halkymyzyň döredijilikli hyjuwynyň esasy binýady hökmünde garalýar. Olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň giň gerimli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilen sepgitleri, öňde duran wezipeleri halkyň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek bu günki gün asylly däpleriň birine öwrüldi. Şeýle beýik işlere türkmen ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşmagy has-da buýsandyryjydyr.
Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň, esasan hem ýaş nesliň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi wajyp ähmiýete eýedir. Çünki ol jemgyýetçilik gurluşynyň gadymy däplerini döwrebap röwüşde dowam etdirýän halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýan ýokary wekilçilikli edaradyr. Halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewüligi we sazlaşygy Garaşsyz Türkmenistanyň gülläp ösmegini, Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň artmagyny, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny şertlendirýär. Bu ugurda ýetilen belent sepgitleriň netijeleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň durmuşynda öz beýanyny tapýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde-de hut şu maksatlara gönükdirilen wajyp meseleler jemgyýetçilik wekilleri bilen bilelikde ara alnyp maslahatlaşylar we döwletli çözgütler kabul ediler. Bu taryhy wakanyň gursagy zehinli, kalby ylhamly ýaşlaryň röwşen geljegi üçin örän uly ähmiýeti bar. Çünki häzirki wagtda ýaşlar ýurdumyzyň geljegine deňelýär. Şeýle uly ynama ygrarly ýaş nesilleriň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary egsilmezdir!
Merdan ORAZOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
başlygynyň orunbasary.