Döwrümiziň her bir güni baýramçylyklara, uly ruhubelentlige beslenýär. Muny duýup ýaşamagyň lezzeti başgaça bolýar. Şeýle bagtyýar duýgy ýaşlaryň durmuşynda hem uly orun alýar. Şeýle pursatlaryň şaýady bolýan mahalyň, ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlara buýsanjyň has-da artýar. Ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan nusgalyk görelde alyp, döwrüň belent ruhunda Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Halkymyzyň işjeň böleginiň hatarynda durýan ýaşlar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna goşulyşyp, belent maksatlary öňde goýup, diňe öňe barýarlar.
Bagtyýar Watanymyzda ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kanun taýdan kepillendirmäge esaslanan we biragyzdan kabul edilen “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini gowulandyrmaga giň ýol açýar.
Watan, ýaşlar, geljek – umumy bir maksatlaryň myrat tapýan ýeridir. Munuň özi, ýaşlara buýsanç, egsilmez ynam, täze güýç berdi. Şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň Mejlisiniň dünýä döwletleriniň parlamentleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny yzygiderli berkitmek, bu ugurda parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriň arasynda özara tejribe alyşmak babatynda hyzmatdaşlygyň täzeçil iş usullaryny ýola goýmak barada öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen hem-de hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň” esasy ugurlarynyň biri hökmünde halkara ýaşlar parlamentarizmi ulgamynda alnyp barylmaly işlerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň mejlisleri geçirilýär. Ýaş parlamentariler toparynyň esasy maksady Türkmenistanyň Mejlisinde ýaş parlamentarileriň başlangyçlaryny açyp görkezmek üçin şertleriň döredilmegine, ýurdumyzyň ýaş raýatlarynda hukuk we syýasy medeniýetiň kemala getirilmegine, ýaşlaryň döredijilik, raýatlyk işjeňliginiň ösdürilmegine ýardam etmek hem-de Türkmenistanda ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek bolup durýar. Ýaş parlamentariler toparynyň mejlisinde ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler, ýaşlaryň döwlet dolandyryş ulgamyndaky orny, ýaşlar babatda halkara hyzmatdaşlygyň ugurlary we ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek bilen bagly beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Ýaşlarymyzyň hukuk derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Bu hem ýaşlar üçin uly mümkinçilikdir. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň milli kanunçylyk binýadymyzy kämilleşdirmek üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri ýaşlarymyzy hem-de ýaş parlementari toparynyň agzalaryny mundan beýläk-de her bir işde has-da mynasyp, jogapkärli zähmet çekmäge borçlandyrýar. Biz ýaşlara, ýaş hünärmenlere uly ynam bildirýän we geljegini bizde görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Şeýle ajaýyplygy döredip berýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!
Magsat OTUZOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.