Ýollar! Adatça ertekilerde adamyň öňünden iki ýa-da üç ýol çykýar. Ol döwrüň adamlary bizden akylly bolmaklary mümkin. Sebäbi, ýollar näçe köp bolsa, saýlamak, saýgarmak kyn bolýar. Adam pahyr özüne gerekli zady kämil röwüşde bilmese, her bir zadyň eýlesini-beýlesini synlap, sypalap, ikirjiňlenip durýar. Şeýdibem, gyzyldan gymmatly, altyndan arzyly wagtyny bisarpa sarp edýär. Eliňde puluň, bazarda hem haryt az bolsa, bazara tiz barýaň, saýlawyň az ýerinde gereklije zadyňy tiz alyp, derrew yzyňa dolanýaň. Eliňde puluň, bazarda hem haryt köp bolsa, gowusyndan-gowusyny tapjak bolup, bütin bazary söküp çykýaň. Ahyry bir harytda nazaryň eglener. Sypalap, synlap, ony bäri çekjek bolarsyň, özüňe ýaramly, göwnüňe laýyk etjek bolup, çyr-çytyrsyň. Elbetde, ýollar ýaramly, söwdalar oňuna bolsun! Alan harydyň soňlugy bilen şoňa sarp eden baýlygyňa, wagtyňa we zähmetiňe degýän bolsa, söwdanyň ýerine düşdügi hasap etmeli. Ýollar hem edil şonuň ýaly. Pikirlenip, ikirjiňlenip, mejburlyk ýa-da meýletinlik bilen, ýaýdana-ýaýdana, höweslenip ýa-da diňe ýöremek hatyrasy üçin ýaltana-ýaltana saýlanyp alnan ýollar, soňlugy bilen şoňa sarp eden akylyňa, wagtyňa we zähmetiňe degýän bolsa, onda ömre barabar söwdanyň şowly bolandygyna delil. Ýöne, ýollaryň ählisi bossanlyga, aşagyndan suwlar akyp duran, şahalarynda göz görmedik datly miweleri bolan baglara eltmeýär. Ýollaryň käbiri göz görerini islemeýän kert gaýalaryňa, huşuňy başyňdan uçurjak uçutlara, bir ädimlik aýak atsaň, badyňy saklap bilmän, aşak eňterjek eňňitlere hem alyp barýar. Şonuň üçin ýol saýlap alanyňda, ugur saýlap alanyňda, özüňden öň şol ýolda ýorulan, ýadasa, ýaltanman ýöräp ýadan, ýollaryň inişini-çykyşyny, belendini-pesini bilýän adamlardan soramak aýyp däldir. Türkmende bir nakyl bar: «Bilmiş ýek, bilmezek kişiden ýeg» diýilýär. Etjek işini bilmeýän, ýörejek ýoluny saýgarmaýan, aýtjak sözüni aňlamaýan adam şeýtança hem ýokdur diýildigi. Adatça, adam has köp gaýtalanýan zatlaryň asyl manysyny unudýar, ony ýöne bir gep ugruna ýa-da endige görä aýdylaýýan söz saýýar. Irden turanymyzda ýa-da giçlik ýatanymyzda, säheriň dileginde, dogasynda, tagamyň töwirinde «Eý Allam, bizi azdyrmaweri, azaşdyrmaweri, bizi dogry ýola salaweri» diýip içden-u daşdan, ýürekden-u ýalandan pyşyrdaýarys. Adamlaryň aglabasy bolsa, ýol näme, ýoda näme, känbir aň etjegem bolmaýar, ýöne köplenç diňe öz ýoluny dogry, diňe öz pikirini düz hasaplaýar. Dogry olar özlerinden akylly ýene-de sanaýmalyja adamyň bolup biljekdigini inkär edenok, ýöne ýürekden ykrar hem edenok. Iliň pikirine sarpa goýup bilmegem uly zat, ilden öwrenmek gowy zat. Ýöne, ahyrky netijäni özüň çözmäni öwrenmeli. Ýol diýlende, diňe işimize alyp gidýän we getirýän, azyk-owkatlyk dükanlara direýän ýa-da baglyklaryň daşyndan aýlanýan, daglaryň başyna eltýän ýollary we ýanýodalary göz öňüne getirip çäklenmeli däl. Ýol diýlende maksatlarymyza barýan, arzuwlarymyzy hasyl edýän ruhy ýollar, göwün-köňül ýollary, aň-düşünje ýollary. hem degişlidir. Ine, şu ýollarda azaşmak has uly hasrata, ýitgä eltýär. Şonuň üçinem «Eý Allam,bizi dogry ýola salaweri!» diýip dilänimizde durmuşda bolup biljek maddy we ruhy ýollaryň ählisini, maksatlarymyza eltýän ýollary hem göz öňünde tutmalydyrys. ...Ine, bu ýerde bolsa, ulaglar gatnaýan ikitaraplaýyn ýollar bar. Şol bir ýoldan hem öňe gidip barýarlar, hem yza gaýdyp gelýärler, ýöne, iň täsin ýeri, her kim özüni öňe gidip barýan ýaly, ýoluň çepinden barýany hem yza dönüp barýan hasap edýär. Her kim öz ýoluny öň we oň hasap edýär. Beýle tarapkyny bolsa, sol we soň hasap edýär. Käbir ýurtlarda ýol hereketiniň düzgünleri biziňkä laýyk gelenok. Biziň sagyndan ýöreýän ýerimizden, olar çepine sürýär. Olaram öz ýoluny, ýöreýişlerini özleriçe delillendirýär. Ýöne, bu babatda özgeleriň ýol ýöreýşi gözeldir öýdüp pikir etmeli däl. Biziň ata-baba dowam edip gelýän ýol ýöreýşimiz bar, şondan aýyrylmalyň. Öňe gidilende, elmydama ýoluň sagyndan, sag tarapyndan ýörelse oňat. Durmuşda-da şeýle. Hudaýa şükür, biziň ýollarymyz hut şeýle gurnalan. Bize diňe şu ýollarda agzybirlik we ruhubelentlik bilen öňe ýöremek galýar.
Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.