Magtymguly Pyragy özüniň ölmez-ýitmez eserleri bilen diňe bir türkmen nusgawy edebiýatynyň däl, eýsem dünýä edebiýatynyň röwşen şamçyragyna öwrüldi. Onuň umumadamzat ähmiýetli edebi mirasy dünýä şygryýetinde uly öwrülişigi emele getirdi. Türkmen halkynyň ruhy sütünleriniň biri bolan Magtymguly öz döredijilik dünýäsinde türkmen halkynyň arzuw-isleglerini beýan etmegi başaran beýik şahsyýetdir.
Magtymguly Pyragy beýik akyldar hem-de ussat şahyr hökmünde biziň ýüregimizde baky ýaşaýar. Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny okanyňda, onuň türkmen halkynyň ýürek owazyny eşiden, milleti bir saçagyň başyna jem bolmaga çagyran, dogry ýoly salgy beren beýik akyldardygyna göz ýetirýäris. Onuň ynsanyň ahlak päkiligi baradaky goşgulary hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýär. Şahyryň döredijiliginden türkmen halkynyň mertebesi, ar-namysy, ynsap ölçegleri hakyndaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Şonuň üçin onuň goşgulary halkyň milli ruhyýetine, durmuş ýörelgesine has ýakyndyr.
Ähli döwürde-de Magtymguly Pyragynyň paýhas ummany, dürdäne döredijiligi her bir ynsan, aýratyn-da, ýaş nesil üçin nusgalyk terbiýe mekdebi bolup hyzmat edipdir. Gaýratlylyk, sahawatlylyk, halallyk, päklik, lebzi halallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly pikir-garaýyşlar Magtymguly atamyzyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygrynda:
«Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr» –
diýip, nygtap geçişi ýaly, beýik akyldar şahyrymyz ynsan kalbynyň waspçysy, umumadamzat şahyry hökmünde belent ykrara eýedir. Magtymguly Pyragy ähli döwürleriň we ähli ynsan göwünleriniň şahyrydyr.
Onuň döredijiligi durmuş bilen baglanyşykly bolup, halkyň diline ýakynlygy, pähim-parasada baýlygy bilen tapawutlanýar. Onuň şygyrlarynda adamzadyň, dünýäniň we ata Watanyň ykbalyna, geçmişine we geljegine bolan ýürekdeşlik, hamraklyk bar. Şahyryň pikir-garaýyşlary halkdan üzňe däl. Milli Liderimiz ajaýyp şygrynda Üç ýüz ýyllap halkyň hakydasynda, durmuşynda ýaşap gelýän şygyrlary «Müňýyllykdyr asyrlaryň nurana rowaýaty» diýip, mynasyp baha berýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine adamzat pelsepesiniň we dünýä edebiýatynyň çür belentligi hökmünde baha bermek bolar. Ol ylahy zehini we durmuş tejribesi bilen wagt bilen bakylygyň çägindäki pikir-duýgulary beýan edýär. Şahyryň şahsyýetiniň beýikligi, döredijiliginiň edebi gymmaty hakynda söz açylanda köplenç deňeşdirmelerdir meňzetmelere ýüzlenilýär. Emma Magtymguly Pyragy hakynda söz açylanda hyýalyňda tutuş halkyň ruhy dünýäsi we mertebe belentligi ör boýuna galýar. Şonuň üçin hem, şahyryň ajaýyp şygyrlaryny okadygyňça halk ruhy dünýäsi bilen tanyş bolýarsyň. Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynda hem Welmyrat aganyň Magtymguly Pyragynyň kitabyny bir köşekli düýä çalyşmagynyň düýp özeninde örän uly hikmet bar. Bu durmuşy wakanyň üsti bilen şahyryň edebi mirasynyň dünýä baýlygyndan has gymmatdygy hakyndaky pikir ýaňzydylýar.
Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatyny mazmun taýdan baýlaşdyrmak bilen şygyrlarynda halklygy, milliligi ösdürip, sözüň güýji bilen ynsanlaryň kalbyna täsir edipdir. Onuň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiliginde durmuş hakykatyna pelsepewi nukdaýnazar bilen seredilýär.
Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň gymmaty umumadamzat ähmiýetine eýe bolup, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy hasaplanylýar. Onuň paýhasly şygyrlarynda ynsan durmuşy hemme taraplaýyn, giň we çeper beýan edilýär. Agzybirlik, döwletlilik, şeýle-de adamzada mahsus iň naýbaşy gylyk-häsiýetleri kemala getirmek hem-de baýlaşdyrmak hakyndaky parasatly pikirler şahyryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda halkymyzy watansöýüjilige, ýagşylyga ündeýän uly ruhy güýç bardyr. Onuň goşgulary durmuşyň her bir pursatynda ynsana dogry ýol salgy berýär. Dana şahyrymyzyň öwüt-nesihat häsiýetli goşgulary ösüp gelýän ýaş nesillerimizde watansöýüjilik, ahlaklylyk, adamkärçilik, zähmetsöýerlik ýaly sypatlary kemala getirmekde hem nusgalyk terbiýe mekdebi bolup durýar.
«Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň beýik şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, dünýäniň çar künjünde uludan tutulýar. Munuň özi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy şahsyýetlerimizi sarpalamak we olaryň hatyrasyny hormatlamak babatda ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gülälek ALLAKULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.