ARZUWLARYŇ HASYL BOLDY, PYRAGY!

     Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik älemi baý hem-de köptaraplydyr. Ajaýyp eserleri döreden, türkmen halkynyň isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadynyň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan şygyrlary kalbymyza ruhy baýlyk hökmünde siňipdir. Halkymyzyň gadymdan gelýän agzybirlik ýörelgesini wagyz edip, akyldar şahyr berkarar döwleti arzuw edipdir. Magtymguly Pyragy bu pelsepewi pikirlerini şeýle beýan edipdir:

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

     Halk şol döwürde berkarar döwletli bolmagy, adalatly mejlisleriň geçirilmegini, nesihat-maslahat eýleýän kethudalarynyň bolmagyny isläpdir hem-de onuň arzuwynda ýaşapdyr. Magtymguly halkyň bu arzuwlarynyň ir-u-giç hasyl boljakdygyna ynanypdyr hem-de oňa garaşypdyr. Muny onuň halkyň hakydasynda orun alan

Çydadym men indi hijran zoruna,

Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.

     Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy Watanly, ýurtly bolmagyň yşky bilen ýaşapdyr. Şonuň üçin hem, Magtymguly Pyragynyň bu mowzukdan ýazan goşgulary biziň her birimiz üçin ýörelgedir, ýagny

Gel, köňlüm men saňa nesihat kylaý,

Watany terk edip gidiji bolma.

     -diýen sözleri watansöýüjiligiň beýik mekdebidir. Şol mekdebi geçen nesil bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bedew bady bilen, ynamly öňe barýar.

     Magtymguly Pyragynyň eserleri bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp mirasdyr. Şeýle ajaýyp edebi mirasy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Gülşat GYLYJOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 92 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 715 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER