PYRAGYNYŇ GOŞGULARY – GYMMATLY GOLLANMA

     Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda: «Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesi we durmuş pelsepesidir» diýip belleýär. Ýurdumyzda akyldar şahyryň döredijiligini dünýä ýaýmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenip geçilmegi, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň kalbyna şatlyk nuruny çaýdy.

     Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň watançylyk, zähmetsöýerlik, lebzihalallyk, ula-kiçä hormat goýmak, saglyk, tebigaty aýawly gorap saklamak, wepalylyk barada ýazan köp goşgulary halkyň arasynda ýat tutulyp, aýdyma öwrülip gidendir. Şahyryň çeper, çuň many‑mazmunly goşgulary türkmen halkynyň başdan geçiren taryhy wakalary, ýaşaýyş durmuşy, geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem, her bir türkmen maşgalasynda Magtymguly Pyragynyň goşgulary uly gyzyklanma bilen okalýar. Şahyryň goşgulary nesilleri milli ruhda terbiýelemek üçin gymmatly gollanmadyr. Şonuň üçin onuň goşgulary ýörite kitap edilip, yzygiderli çap edilýär. Berkarar döwlet islän şahyryň kitaplary her bir türkmen ojagynda ürç edilip okalýar, bagşylarymyz bolsa, onuň goşgularyny aýdym edip aýdýarlar.

     Döwletimiziň berkararlygyny berkitmekde, sagdyn jemgyýetde sagdyn nesilleri kemala getirmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň ertirleriniň eýeleri boljak ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde Magtymguly atamyzyň döredijiligine ýüzlenmekligi, ýol-ýörelge edinmekligi saýlap almaklygy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşleriniň, rowaçlyklarynyň dowamatynyň dowamly bolup, asyrlara uzap gitjekdiginiň aýdyň kepilidir.

 

Şamyrat PIRMÄDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 108 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 727 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER