Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Yklymlara ýaň salýan şanly toýuň güwäsi.
Rowaçlyga ýar bolýan ajap ýyla at beren,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasy.
Guwanyp ajap döwre tirsegňe gal, şahyrym,
Ykrarsyň giň äleme danalaryň Danasy!
Söz äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragy ajaýyp eserleri bilen adamzat paýhasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan beýik şahyrdyr. Onuň döredijiligi diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem dünýä poeziýasynyň gymmatly hazynasyna deňelýär. Köňüllerde watançylyk duýgusyny döredip, agzybirlige çagyrýan beýik akyldaryň bize galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, bütin dünýäde dabaralanýar.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi diňe bir beýik şahyrymyzyň edebi mirasyny wagyz etmäge ýardam bermän, eýsem, döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, dünýäniň ençeme döwletlerinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň oturdulmagy, akyldar şahyryň şanyna dürli dillerde neşirleriň taýýarlanylmagy we halkara derejesinde çäreleriň geçirilmegi türkmen akyldarynyň sarpasyny belende galdyrýar.
Ýaňy-ýakynda Gazagystanyň paýtagty Astanada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy biziň buýsanjymyzy goşalandyrdy. Çünki bu taryhy waka, iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem Brýuselde Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanyp döredilen wideoýazgynyň görekezilişiniň bolmagy, halklaryň dost-doganlygynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi. Islendik döwürde-de türkmen halky hoşniýetli dostluk we goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan, özara düşünişmek däplerine eýerýän halkdyr. Munuň özi türkmeniň ägirt şahsyýetleriniň giň äleme tanalmagyna itergi berýär.
Pähim-paýhasyň eleginden geçip, asyrlar boýy türkmen we dünýä halklarynyň kalbynda baky ýer alan Magtymguly Pyragynyň sarpasyny halkara derejesinde belende galdyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, röwşen ertirlerimize ýalkym saçýan döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Çeper NAZARGYLYJOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň jogapkär işgäri.