MAGTYMGULY PYRAGA

Beýgeldip Köpetdagy,

Belent ner görner onda.

Hakdan içen ylhamly,

Ganat-per görner onda.

 

Sözi paýhasdan umman,

Ýol aşýar yzda durman,

Şygyrdan bina gurnan,

Dury ser görner onda.

 

Geýip pähimden hyrka,

Sözi daş ýarar darka,

Üç asyr atyp arka,

Täze ter görner onda.

 

Kesbin goýup yzyna,

Nusga ogul-gyzyna,

Çöksem goşa dyzyma,

Sogap ýer görner onda.

 

Hakydam many tirip.

Galamyn şygra diräp,

Düýşümde meňzäp şire,

Huşda är görner onda.

 

Annasoltan NUNNAKOWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2025 | 94 okalan

MÄHRIBAN WATANYMYŇ PARAHATÇYLYK MUKAMY

24 Sentýabr 2025 | 272 okalan

PARAHATÇYLYK — ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI

22 Sentýabr 2025 | 226 okalan

TÜRKMENISTAN ÖSÜŞ WE ROWAÇLYK ÝOLUNDA