SÖZ USSADY

Keşbiň görner Köpetdagyň gerşinde,

Şygyrlaryň dutarlaryň kirşinde,

Adyň bardyr halkyň ýürek urşunda,

Söz ussady Magtymguly Pyragy.

 

Söz sandygyň yklym içre ýaýrandyr,

Niçe dilde owaz bolup saýrandyr,

Bu gün türkmen Seň toýuňa barýandyr,

Söz ussady Magtymguly Pyragy.

 

Ýüreklerimiz şygyrlaryň teşnesi,

Eserleriň many-mazmun çeşmesi,

Türkmenimiň şu güni hem geçmişi,

Söz ussady Magtymguly Pyragy.

 

Ömür kerwenini halka bagyşlan,

Berkararlyk ýolun sözden nagyşlan,

Ak arzuwlaň wysalyna gowuşýar,

Söz ussady Magtymguly Pyragy.

 

Batyrmuhammet ORAZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2025 | 94 okalan

MÄHRIBAN WATANYMYŇ PARAHATÇYLYK MUKAMY

24 Sentýabr 2025 | 272 okalan

PARAHATÇYLYK — ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI

22 Sentýabr 2025 | 226 okalan

TÜRKMENISTAN ÖSÜŞ WE ROWAÇLYK ÝOLUNDA