Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen atlandyrylmagy halkymyz üçin buýsançly waka boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, asyrlarboýy halkymyz beýik şahyryň şygyrlaryny dillerine sena edip gelýär. Şygryýet äleminiň söz ussady, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez goşgulary türkmen jemgyýetiniň ruhuny birkemsiz wasp edýär. Dana şahyryň şygyr setirleri halkyň dilinde gaýtalanyp, olaryň durmuşynyň ýörelgesine öwrülipdir. Akyldar şahyr türkmeniň ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, urp-adatlaryny, oňa mahsus gylyk häsiýetleri özüniň goşgularynda beýan edipdir. Şahyryň döredijiligi ýaşlar üçin terbiýeçilik mekdebi bolup, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri olar üçin durmuş ýörelgesi we pelsepesidir. Asyrlar geçse-de şahyryň aň hazynasyna öwrülen döredijiligi elmydama ýaşlar üçin nusga bolup durýar. Şahyryň halypasy, pederi Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eserinde getirilýän döwletlilik, adalatlylyk, ýagşy niýetde bolmak ýaly temalar bilen bir hatarda ýaşlara beren nesihatlary Pyragynyň eserlerinde hem eriş-argaç bolup geçýär.
Şahyr ýaşan döwrüniň kynçylyklarynyň çykalgasynyň ilkinji serişdeleriniň biri hökmünde ýokary ahlakly, parahat söýüji, agzybir, ata Watanynyň gerçek ogul-gyzlary bolup ýetişýän ýaş nesilde görüpdir. Akyldaryň «Mala seretmez» goşgusynda
Atda aýak bolsa, başga syn bolmaz,
Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz,
Söweş güni goç ýigitde üýn bolmaz,
Garşy bakar, peýkam-ýaýa seretmez.
diýip, ol batyrlygyň we gaýratlylygyň ýaşlar üçin güýçli duýgy bolup durýandygyny suratlandyrypdyr. Şahyryň «Gidiji bolma», «Goç ýigitler», «Ýykmaýan ärden», «Güftarydyr» atly we ençeme öwüt-nesihat temasyndaky şygyrlary okyjylary özüne bendi edýär. Şahyr bu goşgularynyň üsti bilen adamlarda ýagşy gylyk-häsiýetleri, ahlak sypatlaryny terbiýelemek bilen jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýüze çykýan nogsanlyklary ýok etmegi şol bir wagtda gowy gylyk-häsiýetleriň, ahlak sypatlarynyň döwürdeşlerinde we geljekki nesillerde bolmagyny ündäpdir. Pyragynyň bu oňat häsiýetleri wagyz edýän goşgulary asyrlardan-asyrlara aşyp, baky ýaşaýar, adamzadyň köňlünde ýagşylygy oýarýar, kalplary nurlandyrýar. Milli ýörelgelerimiziň rowaçlanmagyna, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge düýpli oňyn täsir edýär.
Akyldar şahyryň XVIII asyrdaky oý-pikirleri, pähim-paýhasy häzirki döwürde-de ähmiýetini ýitirmän gelýär. «Baş bolmaň», «Iliňni», «Zor bolar», «Gul bolgul» atly goşgularynda bolsa, şahyr namartlyk, galplyk, ikiýüzlüligi ýigrenmek, husytlyk, zalymlyk, görüplik ýaly ynsanyň tebigatyna mahsus bolan häsiýetleri özüniň liriki gahrymanlarynyň üsti bilen tankytlapdyr.
Beýik akyldaryň edebi mirasyny öwreniji bilermenler «Durmuşyň islendik pursadynda maslahat alasyň gelse, derdiňi egsesiň gelse Magtymgulynyň goşgulary dadyňa ýetişýär» diýip belleýärler. Bu hakykatdanam şeýle, şahyryň many-mazmuna ýugrulan şygyrlary ynsanyň kalbyna hem ruhuna giňlik berýär. Pyragynyň döredijiligine näçe içgin aralaşdygyňsaýy onuň bize miras goýan gymmatly eserleriniň ýolumyza şamçyragdygyna, her birimiz üçin nusgalyk mekdepdigine aýdyň göz ýetirmek bolýar.
MARAL KARLYÝEWA,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň
milli toparynyň Sekretariatynda önümçilik
tejribeligini geçýän Türkmenistanyň Daşary
işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň talyby.