Döwletleriň baýdagy bilen tanalyşy ýaly, halklar hem öz ýetişdiren danalary, serdarlary, beýik şahsyýetleri bilen tanalýar. Muňa Magtymguly Pyragynyň mysalynda anyk göz ýetirip bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň edebi mirasyna bolan gyzyklanmanyň has-da artýandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.
Magtymgulynyň goşgulary durmuşy öwredýär, dogry ýoly salgy berýär, dünýägaraýşyňy artdyrýar. Atalarymyzyň «Kitap okap oturan beýlede dursun, ony diňläp oturany hem bihal görme» diýen parasatly sözünden görnüşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan şygyrlary, hikmetli sözleri ynsanlary, halklary dostlaşdyrýar, olara pähim-paýhas paýlaýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede hem dana şahyra bagyşlanan neşirler giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna sowgat edilen kitaplaryň biri-de türk alymy Soner Saglam bilen Rahymmämmet Kürenowyň taýýarlan «Ady destana öwrülen şahyr – Magtymguly» atly kitabydyr. 324 sahypalyk kitapda Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgular aýratyn orun eýeleýär.
Ajap BAÝGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar
beriş bölüminiň esasy hünärmeni.