Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä dillerinde terjime edilip, alymlar tarapyndan giňden öwrenilýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Magtymguly — ylham çeşmesi» atly kitapda şahyryň Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky neşirleri hakynda maglumatlar, dürli milletden, dürli ýurtlardan bolan edebiýatçylaryň beýik akyldar barada aýdan pikirleri, oňa bagyşlap döreden goşgulary öz beýanyny tapýar. Bu kitapda meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow türkmen edebiýatynyň akyldarynyň öňünde baş egip, Gündogar halklarynyň medeniýetleriniň özara arabaglanyşygy we olaryň birek-biregine täsirleri barada öz pikirini beýan etmek bilen, munda XVIII asyryň şahyry Magtymguly Pyragynyň ornunyň wajypdygyny belläp geçýär. Akyldar şahyryň beýleki halklaryň medeniýetine, söz sungatyna ýetiren täsirini açyp görkezýän «Magtymgulynyň ady bilen täzeden döreýiş Gündogaryň goňşy halklarynyň medeniýetleriniň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak derejede täsir etdi. Munuň özi öz odunyň bir bölejigini beýleki halka bagyş edýän halkyň özüni has-da baýlaşýandygynyň aýdyň mysalydyr» diýen jümleleri Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynda mynasyp orun tapýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmen edebiýatynyň solmaz çyragy bolan, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar
beriş bölüminiň baş hünärmeni.