MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ESERLERINDE HALK DÖREDIJILIGINIŇ ŞÖHLELENIŞI

     Özüniň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan setirleri bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösüşine saldamly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary häzirki wagta pähim-parasat nury bolup şugla saçýar. Akyldar şahyryň setirleri halk arasynda nakyla öwrüldi. Şol sanda, dana şahyryň döredijiliginde hem halk döredijiliginiň, aýratyn-da nakyllaryň orny uludyr.

     Magtymguly Pyragy döredijilik güýjüni tapyşyna bagyşlap düzen goşgularynyň birinde «Segsen müň kelamy bilgil, diýdiler» diýip ýazýar. Bu ýerde, elbetde, gürrüň söz baýlygy hem-de her bir sözüň manysyna giňden düşünmeklik hakynda barýar. Söz baýlygyny artdyrmak üçin şahyr kitap sahypalaryny agtarman, halkyň janly diline, halkyň şahyrana pähiminiň çuň çeşmesine – folklora ýagny halk döredijiligine ýüzlenýär. Şeýlelikde halkyň sada sözleri, halkyň sada gepleşik dili çuň manyny, belent duýgulary beýan ediji ajaýyp poeziýanyň diline öwrülýär. Magtymgulynyň şygyrlarynda söz sungatyndan söhbet açýan birnäçe setirlere gabat gelmek bolýar:

Her sözüm bir dürdür, kämil bolana.

Ýa lal otyr, ýa dür saçgyl.

 

Söz manysyn bilmez adam.

Bir guýruksyz ite meňzär.

 

Magtymguly, aýdan sözlerim hakdyr,

Emma ki hak söze ten beren ýokdur.

 

Akyl bolsaň, söz aýtmagyn

Nobat berilmegen ýerde.

 

Üm-süm  otyr halk içinde sözleme,

Sözlär bolsaň söz aslyna ýet ýagşy.

Şu goşgy setirlerinde hem akyldar şahyryň söze goýýan gadyr-gymmatyny görmek bolýar. Halk döredijilik eserlerinde hem söze aýratyn ähmiýete eýedir.  Aslyýetinde, folklor sözüne ser salanymyzda «Arassa dil üsti bilen ýerine ýetirilýän eserler – folklordyr». Halk döredijilik eserlerine salgylanmaklygyň esasy maksady az söz bilen giň we çuňňur manyny, okyjynyň aňyna we kalbyna ýetirmekdir.

     Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda halk döredijilik eserlerini yzygiderli görmek bolýar. Halk rowaýatynda: Geçi bilen möjegiň dost bolup,günlerde bir gün doňaklyk buzlugyň üstünden barýarkalar, ajygan möjegiň: “Geçi dost, tozan turzup, gözüme tozan gapdyrýaň” diýip yrsaraýşyndan alyp, “Buz üstünde tozan arama” diýen nakyly ulanýan bolsa, Magtymguly Pyragy goşgy setirlerinde:

Dünýä, seniň bu gezekli gerdişiň,

Gyrmyzy gandan gyrmyzy bolupdyr dişiň,

Geçi-gurt dostlugyna meňzär edişiň,

Gamly şat olmazmy, aglan gülmezmi.

diýip belleýär. Şeýle-de akyldar şahyr: “Bir göwün şatlygy çykmaz, ýüz göwün çykmaýan ärden”, “Galpyň gazany gaýnamaz” diýen nakyly: “Galp adamyň bahym biliner misi” diýmek bilen Magtymguly Pyragy halk nakyllaryny ussatlyk bilen, ýokary derejede çeperçilik bilen beýan edýär.

Namart  kimdir, biler bolsaň,

Ne diýseň diýr: “Baş üstünde!”

Ezmaýyşyn kylar bolarsaň,

Hiç tapylmaz iş üstüne.

 

Murtun towlap her ýan tartar,

Haýbaty peleňden artar,

Gök dek gürläp damak ýyrtar,

Taýýar ýolan aş üstüne.

 

Çöl ýerde göwre galdyrma,

Ol hem hoşdur  syr bildirme,

Lap urup dahan doldurma, -

Jeň nan degil jeň üstüne.

Ýokarda agzalan goşgy setirlerinde hem akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň halk döredijiliginiň  üstünde yzygiderli işmek bilen çuň manyly goşgulary döredenligini görmek bolýar.

      Magtymguly bir tarapdan, halk döredijiliginden ylham alan bolsa, ikinji tarapdan, halk döredijiligine ölmez-ýitmez şygyrlary goşan şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň gaty köp goşgylary halk arasynda atalar sözüne, nakyla öwrülip ýaşaýar we giňden ulanylýar.

Gara daşdan gara gyly saýlan göz,

Çöňňeler görejiň, göze myhmandyr;

Gelen aş diýip gelmez, turşutmagyl ýüz,

Nana mätäç däldir, söze myhmandyr.-

Ýokarda getirilen setirler hem ýeri gelende nakyl ornunda ulanýar.

Dostyňy egleme- nepden galmasyn,

Duşmanyň egleme-syryň bilmesin

 

Jaý ýerinde gaýra galsa, garrydar,

Goç ýigidiň aty çaman ýoluksa.

 

Haryň işi hardyr, dostlar,

Müň magtasaň, atça bolmaz

 

Çöl ýerlerde tazy görmän tilkiler,

Hyýal eder ýatan şiri atmaga.

Magtymgulynyň şunuň ýaly gaty köp setirleri halk arasyna nakyla öwrülendir, sebäbi özeni halk döredijiliginden alnyp, ussatlyk bilen işlenenden soň, onuň çeperçiligi artyp, manysy güýçlenipdir. Hut şonuň üçinem ol goşgularyň setirleri nakylyň we atalar sözüniň ornuna geçipdir.    Magtymguly Pyragy halk döredijiligini hemme taraplaýyn öwrenipdir. Akyldar şahyr halk döredijiliginde bolan matallardan hem mysal getirip, goşgular döredipdir:

Bir öýde bar on iki han,

Hoş gelipsiz, eziz myhman,

Bir suprada dört yssy nan,

Üstünde ýedi nar gördim.

Goşgy setirleriniň manysy ýylyň on iki aýyny, bir saçakdaky dört yssy nan – dört hepdäni, üstündäki ýedi nar hem ýedi güni aňladýar. Magtymguly halk arasynda aýdylýan ertekileri, rowaýatlary, legendalary we hiç ýerde çap bolman, diňe dilden-dile geçip, aýdylyp ýörülen halk dessanlaryna çenli diňläpdir hem eşidip öwrenipdir.

      Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi içgin ylmy esasda öwrenilende halk döredijilik eserleriniň dürli ugurlaryny açyp görkezmek aýratyn ähmiýete eýedir.

 

Yhlas NAZARGYLYJOW,

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institynyň talyby.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER