Ägirtlerden ägirtdir ol, ululardan uludyr,
Edebiýatyň soltany, söz mülküniň gülidir,
Heňňamlardan habar beren, welilerden welidir,
Söz mülki bir şalyk bolsa, özi soltan boladyr,
Arkadagly eýýam bilen äleme belgilidir,
Ýurdy türkmen, ili türkmen, ady Magtymgulydyr.
Türkmen baryny berer Magtymgulyň sözüne,
Türkmen din deý eýerer Magtymgulyň sözüne.
Pyragydan aýdym aýtsaň, dünýäň gözi süzüler,
Giň sährada boz jeren tutdurar ümdüzine,
Tümlüklere nur çaýyp, ak ýol görner gözüňe,
Söz diýilen barlykda jady Magtymgulydyr.
Türkmen Pyragyň sözün tumar edip göterer,
Türkmen Pyragyň sözün mydal delil getirer.
Pyragydan söz geldi, diýmek, jedel gutarar,
Pyragydan okalsa, diňlär, daňyn atyrar,
Bir jümlesin okygan başyn ýaýkar oturar,
Şygyr akabasynyň süýdi Magtymgulydyr.
Pyragyň datly sözi – umytsyzyň umydy,
Ýürekleriň ýalkymy, göreçleň ýanar ody,
Agly-arşa göterip, şygyr diýilýän zady,
Dünýe ýaşasa ýaşar dünýäň ýüzünde ady,
Wagzyny älem ýaýan Azadynyň zürýady,
Azaşanyň, umydy, bady Magtymgulydyr.
Ýüzläp-müňläp gerçegiň görejinde ot goýan,
Ýüzläp-müňläp geljegiň gadamyna bat goýan.
Sygnyp beýik geçmişe, aryflary ýatlaýan,
Müň külpetli pelegiň asalyndan datmaýan,
Eýýamda asla ýokdyr waspyna söz gatmaýan,
Bütin barlyk şygyr bolsa, many Magtymgulydyr.
Zergül YLÝASOWA,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýaşaýjysy.