AKYLDAR ŞAHYRYŇ BELENT SARPASY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz dürli ugurlar babatda rowaçlygyň aýdyň menzillerinde bedew bady bilen öňe barýar, il-ýurt bähbitli işler gün-günden rowaçlyga beslenýär. Milli medeniýetimize, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza bolan buýsanç geçmiş mirasymyzy öwrenmäge ruhlandyrýar. Geçmiş mirasymyzy öwrenmekde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary gymmatly hazyna bolup durýar. Akyldar şahyrymyzyň türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy alymlar tarapyndan öwrenilýär. Magtymguly türkmen halkynyň milli şahyry, milli guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýar.

     Gahryman Arkadagymyz nusgawy şahyrlarymyzyň baý edebi mirasyna ýokary baha berýär hem-de olaryň halk arasynda mertebesiniň belent tutulmalydygy barada “Halkymyz Magtymguly atamyzyň paýhasyny durmuşyň kanuny hökmünde berk we aýawly tutupdyr. Hut şoňa görä, şahyryň ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýoly umumadamzat bähbitli pelsepe garaýyşlary Baş kanunymyza siňdi” diýip belleýär.

     Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döredipdir. Onuň baý edebi mirasy geljekki nesiller üçin ýol-ýörelgedir, durmuşda edep-ahlak mekdebidir. Onuň şygyrlarynda halkymyzyň durmuş dessurlary, ýaşaýyş kadalary we ruhy-ahlak ýörelgeleri özboluşly şöhlelenýär. Şonda ol il-ýurduň umumy keşbini, watançylyk, ahlak gahrymançylyk duýgularyny, adamkärçilik sypatlaryny we beýlekileri çeper görnüşde beýan edipdir. Diňe bir beýan etmek hem däl, eýsem olary örän dogruçyl hem anyk görkezmegi-de başarypdyr. Söz ussadynyň edebi mirasy türkmen halkynyň arasynda ýüzlerçe ýyllardan bäri ýaşap gelýär. Daýhan, işçi, gullukçy – bütin halk özüniň idegini ussadyň şygyrlaryndan tapýar. Umuman, şahyryň döredijilik meýdanynyň çägi asman giňişligi ýaly serhetsizdir. Onuň döredijiliginde halkymyzy birleşdirmek, jemgyýeti jebisleşdirmek, mähriban topragy gorap saklamak, ynsan mertebesini ýokary götermek ideýasy aýratyn öňe çykýar. Şeýle hem şahyryň döredijiligi diňe tema baýlygy bilen tapawutlanman, eýsem çeperçilik tärleriniň ulanylyşy taýdan hem haýran galdyrýar.

     Dana Pyragyny sarpalamak türkmen edebiýatyny arşa götermekdir, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakdyr. Şahyryň çuňňur pelsepä, ylahy garaýyşlara, dünýewi ýörelgelere ýugrulan çeper döredijiligi özboluşly mekdepdir. Beýik zehinleri dünýä beren türkmen halky öz akyldarlaryna, şahyrlaryna buýsanmaga doly haklydyr. Magtymguly Pyragy nusgawy edebiýatyň, milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr, müňýyllyklardan bäri hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi, açyklygy, kalbynyň giňligi we jomartlygy bilen tapawutlanýan türkmen halkynyň synmaz edebi sütünleriniň biridir. Onuň  özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri täze taryhy döwrüň döwlet syýasatynyň esaslaryny emele getirýär.

     Merkezi Aziýanyň merjeni bolan paýtagtymyzyň barha täzelenýän keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň yzygiderli depgini, onuň köptaraply mümkinçilikleri, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Ak mermerli Aşgabatda täze binagärlik toplumlarynyň hatary barha artýar, adamlaryň abadan durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Watanymyzyň baş şäheri öz çäklerini ýyl-ýyldan giňeltmek bilen birlikde gaýtalanmajak gözelligi bilen haýran köpleri galdyrýar. Şoňa görä-de, ol köp sanly halkara güwänamalara mynasyp boldy. Şäheriň binalarynyň birnäçesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň ykrarnamasyna öwrüldi. Ýer ýüzüniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýan paýtagtymyzyň köpsanly gözel ýerleriniň hataryna Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy hem goşuldy.

     Aşgabadyň günortasyndaky Köpetdagyň ajaýyp tebigatynyň eteklerinde täsin şäher gurşawy döredilip, ol özboluşly taslamalar boýunça gurulýan belent gatly binalary, häzirki zaman ýol-ulag düzümlerini hem-de giň gerimli tokaý-seýilgäh zolaklaryny özünde jemleýär. Güneşli Diýarymyzyň baş şäheriniň ösdürilmeginde uzak möhletleýin geljek nazara alnyp durmuşa geçirilýän iri möçberli şäher gurluşyk syýasatyna aýratyn orun berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy paýtagtymyza aýratyn gözellik bagyşlaýar. Beýikligi 60 metrden gowrak, binýadynyň beýikligi 25 metre deň bolan ajaýyp heýkel misli “Çoh garaşan ajap eýýamyna” nazar salyp duran mysaly gojaman Köpetdagyň eteginde seleňläp uzaklardan göze ilýär. Medeni-seýilgäh toplumda täze tehnologiýalar, häzirki zaman yşyklandyryş enjamlary arkaly Pyragynyň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlaryndan ganatly setirleriň baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrylmagy özboluşly täsir döredýär.

     Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berlen “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy we beýik şahyrymyzyň ýadygärligi gündogaryň beýik akyldaryna goýulýan ägirt uly hormat-sarpanyň bir nyşanydyr. Milli mirasymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Berdi BAÝAROW,

Türkmenistanyň Içeri işler

ministrliginiň institutynyň mugallymy.

Öňki makala

SÖÝLÄNIM MAGTYMGULY!

Indiki makala

MAGTYMGULYDYR

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER