MAGTYMGULY PYRAGY

Baky berkarar döwletde türkmene döwran bu gün,

Gahrymanlaň ýoly dowam, başynda bar penasy.

Arzuwlanan zamanada durmuş bala garylyp,

Bagta sary alyp barýar, danalaryň danasy.

 

Parahatlyk tugun dikdik älemiň çar künjüne,

Bir supra jem bolsun diýip, Ýeriň ýakyn-alysy.

Jahana nusgalyk mekdep gurýan ýoly türkmeniň,

Agzybirlik arkadaşy – ak ertire güwäsi.

 

Geňeşli biçilýär donlar, maslahat bar her işde,

Menzillere hemra bolýar ýaşululaň dogasy.

Taryha zerlenip ýazylar beýik-beýik tutumlar,

Bagtlylaryň mekanydyr gül Zeminiň aýasy.

 

Ajaýyp jennet mekany peşgeş etmiş halkyna,

Gahryman Arkadagymyň akyl bilen paýhasy.

Galar nesilden-nesile baky ýadygär bolup,

Zyban içre asal gatan Pyragynyň mirasy.

 

Tirsegňe gal, akyldarym! Arzuwlaryň wysaldyr,

«Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy».

Şygyrlaryň dilde aýdym, soňlanmajak dessandyr,

Halkyň sungata sarpasy — ak ertirleň güwäsi.

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

«Arkadagly Ýaşlar» atly elektron

žurnalynyň jogapkär işgäri.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2025 | 76 okalan

MÄHRIBAN WATANYMYŇ PARAHATÇYLYK MUKAMY

24 Sentýabr 2025 | 256 okalan

PARAHATÇYLYK — ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI

22 Sentýabr 2025 | 218 okalan

TÜRKMENISTAN ÖSÜŞ WE ROWAÇLYK ÝOLUNDA