MAGTYMGULYNYŇ PAÝHAS HAZYNASY

     Türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy XIX asyrdan bäri gündogary öwreniji alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şahyryň çuňňur pelsepä, ynsanperwerlige, parasatly nesihatlara eýlenen edebi döredijiligini öwrenmäge berilýän üns has-da güýçlendirildi.

     Halkymyzyň beýik şahyrynyň il-günümiziň abadan, bagtyýar durmuşy, berkarar döwletlilik hakyndaky arzuwlarynyň wysaly bu günki gün täze taryhy döwrüň mysalynda aýdyň şöhlelenýär. Şeýle hem, akyldar şahyryň döredijiliginiň tutuş süňňüne siňdirilen mertlik, ahlaklylyk, giň gözýetimlilik, adamkärçilik hakyndaky garaýyşlary, şahyrana pikirleri halkymyzyň paýhas hazynasy hasaplanýar. Onuň döredijiligindäki ynsanperwer garaýyşlar diňe bir halka dahylly däl-de, umumadamzat ähmiýetine eýedir.

     Magtymguly Pyragynyň döredijiligini akyl-paýhas hazynasynyň, gymmatly edebi mirasynyň baýlaşmagynda gündogaryň beýik akyldarlary, söz ussatlary Firdöwsiniň, Omar Haýýamyň, Nyzamynyň, Sagdynyň, Hapyzyň, Mäne babanyň, Jamynyň, Nowaýynyň, Fizulynyň döreden ölmez-ýitmez eserleriniň täsiri hem uly bolupdyr. Muny şahyryň:

Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany,

Firdöwsi, Nyzamy, Hapyz perwany,

Jelaleddin Rumy, Jamy elwany,

Olarnyň jaýynda menem kän bolsam...

 

Okap bildim Sagdynyň men «Bossanny»,

Gör, ne ajap Hakanynyň «Mediany»,

Istärmen «Şanama», «Sakynamany»,

Halyf Omar bilen Süleýman bolsam

     diýen setirleri-de tassyklaýar. Dile gelen sözlerini köňlüniň nagşyna öwürmegi başaran akyldar şahyr şygyr sungatynda ussatlyga ýetip, döreden eserlerine tutuş adamzat nesliniň kalp owazyny, ruhy dünýäsini, paýhas çuňlugyny siňdirmegi başarypdyr. Şeýle bolansoň, adamzadyň ykbaly, ar-namysy, mertlik, watançylyk baradaky pelsepewi pikirleri onuň şygyrlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

     Halk arasynda: «Köp sözüň azy ýagşy, az sözüň – uzy» diýen pähim bar. Haçanda Magtymgulynyň döredijiligi bilen içgin tanyşylanda, şu pikiriň şahyryň şygyrlarynyň tutuş süňňüne siňdirlendigine göz ýetirmek bolýar.

Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,

Bilmeze hiç, bilen ýanda nyrhy köp –

     diýen setirler-de şahyryň manyly, azdan uz, mylaýym sözlemek, dogry sözli bolmak ýaly asylly häsiýetler esasynda nesilleri terbiýelemegi maksat edinendigine şaýatlyk edýär. Akyldar:

Sözümi diňlese bir bilen, belke,

Myradym nesihat etmekdir halka

     ýa-da:

Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir,

Nesihatym uly ile ylymdyr –

     diýmek bilen durmuş ýörelgesinde akyl-paýhasly bolmaga, eder işiňi bilmäge ugur-ýol salgy berýän danalaryň öwüt-ündewleriniň ynsan üçin paýhas hazynasy bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtaýar.

     Magtymguly Pyragynyň «Döwran tapylmaz» diýen şygry pelsepewi pikirlere iňňän baýdyr. Şahyr:

Dogama duş gelen gögerer gül dek,

Gülüň möwsümi deý döwran tapylmaz.

Gahrymyň ataşy köýdürer kül dek,

Kül ornundan gaýdyp döwran tapylmaz –

     diýmek bilen, adamyň hemişe ýagşy işlere gümra bolup, alkyşly sözlere eýe bolmaga çalyşmalydygyny belleýär. «Alkyş alsaň mydam işiň oň bolar» diýýän şahyr:

Doga bilen är gögär,

Ýagmyr bilen ýer gögär,

Är oldur – alkyş alar,

Ýerlere baran gerek

     diýen setirleriň üsti bilen pikirini dowam etdirip, köpüň göwnüni awlap, il-ýurt bähbitli işleri bitiren adamyň döwletli-döwranly, gül ýaly durmuşda ýaşajakdygyny, her bir işiniň rowaçlyklara beslenjekdigini tekrarlaýar.

     Danalaryň ündewine görä, adamyň kimdigini bilmek üçin ýa ýoldaş bolmaly  ýa-da märekede özüni alyp barşyna syn etmeli. Şahyr bu babatdaky pikirini şygyr setirlerinde, ine, şeýle beýan edipdir:

Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,

Märekede otur-turuşyn görüň.

     «Mert ýigit mert ärden öner» diýip nesihat edýän şahyr gaýratly kişiniň terbiýesini alan perzendiň gitdigiçe akyl käsesiniň püre-pürlenip, il derdine ýaraýan adam bolup ýetişjekdigini nygtap, bu baradaky pikirini şeýle beripdir:

Mert ogludyr ile ýazar desterhan,

Dogry söz üstünde berer şirin jan,

Ömrüni ötürer, diýmez bir ýalan,

Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bolma.

     ýa-da:

Yhlas bile bir kämile gol beren,

Ýeter bir menzile, ýetmeýin galmaz.

     Şahyr bu şygyr setirlerinde peder pendine uýan perzendiň eli açyk, dogry sözli adam bolup ýetişýändigini ündese, ikinjiden, sahylyk, lebzi halallyk ýaly häsiýetleri tutuş adamzada wagyz edýär. Magtymguly öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlaryň aglabasynda ynsana bezeg berýän oňat gylyk-häsiýetler, ahlak meseleleri hakda söz açýar. Şahyr bu babatda:

Adam ogly bu dünýäden ötünçäň –

At bilen abraýy alan ýagşydyr –

     diýen pikirden ugur alýar. Magtymguly Pyragy gowy, adamkärçilikli, ahlakly adamda, ine, şu sypatlaryň bolmagyny derwaýys hasaplaýar:

Halal işle, ahyr ýetden wehmiň bar,

Pakyry ynjytma, köňül rehmiň bar,

Aşyk aýdar, azda-köpde pähmiň bar,

Akyl bolsaň, söze gulak tut ýagşy.

     Magtymguly il-ýurduny ýürekden söýen, hemişe olaryň aladasy bilen ýaşan şahyrdyr. Şeýle bolansoň, ol ähli güýjüň, kuwwatyň, adyň, abraýyň iliňe, ýurduňa edýän hyzmatyňa, olara goýýan gadyr-gymmatyňa baglydygyny paýhasa baý şygyrlarynda ussatlyk bilen bermegi başarypdyr. Hut şonuň netijesinde-de, şahyryň tutuş adamzat üçin bähbitli bolan paýhas ýörelgesi diňe bir şahyryň ýaşan döwründe ähmiýetli bolman, eýsem, ähli döwürler üçin-de gymmatly hazynadyr.

 

Selbi NEPESOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara

nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 88 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 711 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER