Güneşli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, milli medeniýetimizi, edebi mirasymyzy çuňňur öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Toý-baýramlaryň goşadan gelýän ülkesinde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler hem barha giň gerime eýe bolýar.
Akyldar şahyryň baý many-mazmunly döredijiliginiň, gyzyldan gymmatly şygyrlarynyň bu günki gün diňe bir türkmen halky tarapyndan däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden öwrenilmegi dana şahyryň mertebesiniň belentdigini aýdyň görkezýär. Ynsan kalbynda ajaýyp duýgulary döredip, agzybirlige çagyrýan beýik akyldaryň bize galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, dünýäde dabaralanýar.
2024-nji ýylda halkara derejesinde bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy diňe bir beýik şahyrymyzyň edebi mirasyny wagyz etmäge ýardam bermän, eýsem, döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hem täze gözýetimlerini açýar. Dünýäniň ençeme ýurdunda akyldar şahyryň ýadygärliginiň oturdylmagy bolsa türkmen danasynyň sarpasyny belende galdyrdy. Ýaňy-ýakynda Gazagystanyň paýtagty Astanada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy biziň buýsanjymyzy goşalandyrdy. Çünki bu taryhy waka, iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Beýikligi 8,5 metre golaý bolan Magtymguly Pyragynyň keşbiniň döredijilik bilen meşgullanýan pursatynda şekillendirilmeginde aýratyn many bar. Çünki beýik Pyragy ajaýyp döredijiligi bilen diňe bir türkmen halkynyň däl-de eýsem, dünýä halklarynyň hem hakydasynda müdimilik orun aldy.
Türkmen halkynyň beýik oglunyň gazak paýtagtyndaky ýadygärliginiň açylyşynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň geçýän günlerine gabatlanylmagy söz ussadyna goňşy ýurtda aýratyn sarpa goýulýandygyndan habar berýär.
Gözel paýtagtymyz Aşgabatdyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dürli ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň heýkelleriniň arasynda döredijilikde uly yz goýan şahsyýetleriň biri, kompozitor, dombra saz guralynda gazak halkynyň milli aýdymlaryny ýerine ýetiren Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň hem oturdylmagy türkmen-gazak medeni gatnaşyklarynyň öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýandygyny görkezýär.
Irki döwürlerden bäri türkmen we gazak halklary ýakyn goňşy bolmak bilen, birek-birege uly hormat-sarpa goýýan, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan, özara düşünişmek däplerine eýerýän doganlyk halklardyr. Häzirki döwürde-de gazagystanly terjimeçilerdir şahyrlaryň Magtymguly Pyragynyň goşgularyny gazak diline terjime edip, okyjylara ýetirýändiklerini, şeýle-de Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik işgärleriniň gazak kärdeşleri bilen bilelikde Gazagystanyň dürli sebitlerinde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Ismim düşdi ilden-ile» atly dokumental filmi surata düşürendiklerini aýratyn buýsanç bilen bellemek bolar. Munuň özi halklaryň dost-doganlygynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi. Özüniň ölmez-ýitmez goşgularynda bu gymmatlyklary ussatlyk bilen wasp eden Magtymguly Pyragynyň arzuwlary täze taryhy eýýamda wysalyna gowuşdy.
Maksatmyrat PÜRMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we
köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.