Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň medeni ulgamynda hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler bagtyýar halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgularyny oýarýar.
Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan beýiklikleriň biridir. Ýurdumyzda onuň pähim-paýhasly şygyrlaryny has-da düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek, şu günki kämil türkmen jemgyýetinde rowaçlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek bilen bagly möhüm işler amala aşyrylýar.
Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretmegi başaran ussatdyr. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dillerinde ýaňlanýar. Akyldaryň paýhasdan püre-pür şahyrana eserleri türkmen şygryýetini dünýä tanatdy.
Öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen edebiýaty juda çylşyrymly taryhy tapgyrlary başyndan geçirdi. Pyragynyň döredijiliginde agzybirligiň, asudalygyň waspyny ýetirmek, mert, batyr ýigitleri taryplamak, uly orun tutýar. Şahyryň ynsan kalbynda inçe duýgulary oýarýan şygryýet dünýäsi türkmen jemgyýetiniň, şu günki we geljekki nesillerimiziň ruhy kämilligini, ruhy sagdynlygyny üpjün edýän täze aňyýetimiziň ruhy binýatlarynyň biridir.
Watanyň mähribanlygyny jany-teni bilen syzan akyldar üçin Watandan beýik zat bolmandyr. Magtymguly türkmen ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda döwletlilik we Garaşsyzlyk pelsepesiniň kemala gelmegine ägirt uly goşant goşan danadyr. Magtymguly durmuşyň ähli meselelerinden, ähli ugurlaryndan baş alyp çykan şahyr. Magtymgulynyň goşgulary ölmez-ýitmezdir. Sebäbi şol goşgularda watansöýüjilik, söýgi, ýaşlyk, joşgun bar.
Her bir döwür jemgyýetçilik aýratynlygyna laýyklykda öz edebi taglymatyny öňe sürýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynda hem uly öwrülişik döredendigini bellemek ýerliklidir. Ol öz şygyrlarynyň mizemez ideýasyny halk ykbaly bilen berk baglapdyr we halk durmuşyny, onuň arassa ahlagyny öz döredijiliginiň hamyrmaýasy edip ýugrupdyr. Şeýlelikde, ussat öz döwrüniň özboluşly häsiýetleri bilen halkyň geljekki ykbalynyň arasynda hemişelik ruhy köpri gurmagy başardy. Edebiýaty öwreniş ylmynyň «millilik», «edebi ýazuw dili» ýaly möhüm meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda hem, munuň şeýledigine anyk göz ýetirýärsiň.
Garaşsyz, baky Bitarap, asuda Diýarymyzda beýik özgertmeleri, täze başlangyçlary bilen ýurdumyzy öňe alyp barýan, türkmen edebiýatyny dünýä derejesinde wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Çynar ORAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň mugallymy.