TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE GIRIŞ SYNAGLARY BAŞLANDY

     2024-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i. Şu gün Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça okuwa girjek dalaşgärler üçin giriş synaglary başlandy.

     Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň 15–28-nji iýul aralygynda ýaýbaňlandyrylan kabul ediş möwsüminiň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň hataryna goşulmak isleýänlerden resminamalary kabul etmek tamamlandy.

     Paýtagtymyzdan, Arkadag şäherinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan bolan dalaşgärler üçin giriş synaglary ýörite bellenilen senelerde geçiriler we awgustyň üçünji on günlüginde tamamlanar. Giriş synaglaryny kabul etmek göniden-göni Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde amala aşyrylýar.

     Magistr maksatnamasy boýunça okamagy maksat edinýän ýaşlar üçin ýokary okuw mekdeplerde giriş synaglary eýýäm şu hepde başlanar.

     Ýurdumyzda kabul ediş möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçýär. Ýerlerde Döwlet topary işläp, ýokary okuw mekdeplere kabul etmegiň guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylygy amala aşyrýar hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini üpjün edýär.

     Ozal habar berilişi ýaly, her ýylky däbe görä, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde olaryň hödürleýän hünärleriniň sanawy täzelendi. Öňümizdäki 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýedisinde taýýarlygyň hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça täze ugurlaryň 12-si girizilýär.

     Hünärleriň sanynyň artmagy bilen birlikde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň kabul edilişi hem köpelýär. Täze okuw ýylynda 15 müň 926 talyby kabul etmek meýilleşdirilýär, bu bolsa geçen ýylkydan 303 sany köpdür. Talyplaryň 15 müň 303-si hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça, ýene-de 623 adam magistr maksatnamasy boýunça kabul edilerler.

     Mälim bolşy ýaly, 12 iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň çäklerinde döwlet Baştutanymyz okuwa girmek isleýän ýaş türkmenistanlylara üstünlikleri arzuw etdi hem-de bilim ulgamynyň wekilleriniň öňünde birnäçe ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi. Şol wezipeleriň hatarynda ýokary okuw mekdeplerine zehinli, has mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmek baradaky wezipeler bar.

 

turkmenistan.gov.tm