ONLAÝN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

     ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretarynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda hereket edýän, ýurdumyzda ilkinji açylyan “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO Klubynyň bilelikde gurnamagynda “Hazar deňziniň mümkinçiliklerini wagyz etmek arkaly ýaşlaryň ekologiki sowatlylygyny artdyrmak” barada 2024-2025-nji okuw ýylynda ÝUNESKO Kafedralary we ÝUNESKO Klublary bilen bilelikde alnyp baryljak işleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen onlaýn duşuşyk geçirildi.

     Hormatly Prezidentimiziň «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar üçin gutlagynda bellän: “Ýurdumyz Hazar deňzini parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ekologiýa taýdan abadançylygyň mekanyna öwürmek babatda giň gerimli maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär.” diýen buýsançly jümlelerinden ugur alyp geçirilen bu duşuşyga ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň referentleri, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň – “Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri”, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz”, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň – “Parahatçylyk medeniýeti”, Türkmen oba hojalyk institutynyň «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO Klublarynyň ýolbaşçylary hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralarynyň kafedra müdirleri, işjeň agzalary gatnaşdylar.

     Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary esasynda ýola goýlan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan Hazarýaka döwletleriň arasyndaky barha ilerleýän hyzmatdaşlyk we onuň berk kanunçylyk binýady bolan Hazar deňziniň sebiti boýunça birnäçe köptaraplaýyn resminamalaryň, deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň, Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýanyň hem-de häzirki wagtda hereket edýän Aşgabatdaky Hazar deňzi instituty bilen Halkara umman institutynyň arasynda düşünişmek we hyzmatdaşlyk Memorandumy barada giňişleýin çykyşlar edilip, 2024-2025-nji okuw ýylynda bu resminamalaryň mazmuny we Hazar deňzinde adam potensialynyň we durnukly ösüşiniň ösmegine ata Watanymyz Türkmenistanyň möhüm goşandy hakynda talyp ýaşlaryň arasynda umumy sapaklary, brifingleri yzygiderli gurnamagy, netijede maglumatlary özleşdirişlerine bolsa bu ugurly meýilleşdirilýän bäsleşikleriň esasynda gözegçilik etmek barada maslahatlaşdylar.

     Hormatly Prezidentimiziň: “Türkmenistan oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, Hazar deňziniň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dostlugyň deňzi bolmagy ugrunda tagallalaryny dowam etdirýär. Biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleriň arasynda energetika, ulag-logistika, senagat, söwda ulgamlarynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydyr.

 Hazar deňziniň gurşawyny gorap saklamak, sebitde ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler bäş döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar.” diýen, parasatly jümlelerini täze okuw ýylynda ÝUNESKO Klublary we ÝUNESKO Kafedralary tarapyndan meýilleşdirilýän umumy sapaklaryň esasy ugur alýan mazmuny boljakdygyny, Hazarýaka döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmekde möhüm ädim bolan, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2002-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen birinji Hazar sammiti, şol sanda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Hazar sammitlerinde eden taryhy çykyşlarynyň mazmunynyň bu okuw sapaklarynyň, brifingleriň we bäsleşikleriň iň gymmatly maglumat çeşmesine öwrüljekdigini uly buýsanç bilen bellediler. Çünki, Hazar deňziniň mümkinçiliklerini wagyz etmek arkaly ýaşlaryň ekologiki sowatlylygyny artdyrmak we Hazar deňzini geljekki nesiller üçin gorap saklamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şol sanda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň – ÝUNESKO-nyň ekologiki sowatlylygy ösdürmek we aýawly çemeleşmek babatda alyp barýan işlerine, taslamalaryna işjeň gatnaşmak hem-de ata Watanymyzyň bu ugurdaky mümkinçiliklerini, gazanýan belent sepgitlerini wagyz etmek biziň esasy wezipämizdir.

 Giň mazmunly geçen duşuşyga gatnaşyjylar, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkyny, hazarýaka döwletleriniň halklaryny Hazar deňziniň güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlykda uly abraýa we hormata mynasyp Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlaryny we sag bolsunlaryny aýtmak bilen, janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli gadamlarynyň diňe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Ogulsabyr BERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO Klubynyň

we institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy, uly mugallym.

Meňzeş habarlar