GUŞ RYSGY

     Bir gezek Mälikşa ýanynyň leşgerleri bilen uzak ýola ýörişe çykypdyr. Ýörelmedik ýerlerden ýol ýasap baryşlaryna olar gizlin dag geçitleriniň arasynda, görer gözden pynhan ýerde ullakan bir hazynanyň üstünden barypdyrlar. Soltan nökerlerine we hammallaryna ähli hazynany arabalara ýüklemegi buýrupdyr. Az salym ýöränlerinden soňra, gür ilatly bir obanyň gyrasyndan çykypdyrlar. Soltan ýaňky hazynalardan, tylla-kümüşlerden her esgeriň paýyny bereninden soňra, galan ähli zady oba ilatyna paýlamagy buýrupdyr. «Soltanym, beýle tarhandökerlik etmäliň, munça hazynany şeýle berip goýbermek akylly iş bolmasa gerek. Döwlet hazynasyny doldurmak üçin haýry-nepi köp bolardy» diýip, wezir-wekiller soltany bu pikirinden gaýtarmaga dyrjaşypdyrlar. Emma soltan raýyndan dänmändir: «Biziň rysgymyz guşuň rysgaly ýalydyr, guş hiç zady gaýgy etmez, ir bilen höwürtgesinden aç garnyna uçup gider, agzy dolubam dolanar. Töwekgeliň işini Taňry oňarar. Gerek rysgalymyz aýny wagtynda öňümizden çykar. Şol wagt paýymyz Asmanda bolsa, Ýere düşer. Ýeriň astynda bolsa, ýüzüne çykar. Uzakda bolsa, golaýa geler. Golaýda bolsa, almasy ýeňil düşer. Az bolsa, köpeler. Köp bolsa, barha berekedi artar. Şeýle paýdyr nesibe bilen gurşalyp durkaň, rysgaly gaýgy etmek hata bolar» diýip, Soltan Mälikşa jogap beripdir.

 

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR