Keramatly pir Nejmeddin Kubranyň huzuryna gelen ýaş ýigitleriň biri okap-öwrenen zatlarynyň ýadynda galmaýandygyndan zeýrenipdir. Dura-bara onuň özünden göwni geçip, lapykeçligi umydyndan rüstem çykyp başlapdyr. Şägirdiniň içki hysyrdylaryny daşyndan aňýan keramatly pir, ony ýanyna çagyryp, ahwalyny sorapdyr:«Tagsyr, ylym isläp geldim, emma soňky günler başarnygyma güman edip başladym, ýatkeşligim kütelýär, okan zatlarym doly ýadymda galanok, alajyny bolsa teý bilemok» diýipdir. «Bu diňe sende däl, ol ýagşy işe ýol goýan her bir adamda bolýan ýagdaý. Uly höwes bilen işe girişersiň welin, az salymdan oslagsyz bir ýerden gümandyr ikirjiňlenme peýda bolup başlar. Ine, şu ýagdaý ilkinji we iň esasy synagdyr. Kim şu synaga hötde gelmese, ondan üstün çykmasa, derrew maksadyndan dänýär. Haýyrly işlerem bitmän galýar. Eger-de şeýle ýagdaý ýüz berende, ol pikirlere per bermän, asyl maksadyňy gözden salman, ýene erjellik bilen dowam etseň, saýlan ýoluňa berk ýapyşsaň, ýaňky ünjüler dumany syrylar gider. Öňüňde haýyrly maksadyň barka, ownuk-uşak aladalara hem, ýagşy niýetiňden sowmak isleýän adamlara hem ähmiýet berme. Hemişe ýolbars ýaly bolgun. Çybyn-çirkeýler onuň göz-gaşyna gonup, ünsüni bozmaga synanyşarlar, emma ýolbars olara ähmiýet bermän, diňe öz awuna – öz maksadyna nazaryny diker oturar. Şeýdibem öz isleýän zadyny gazanar» diýip, pir jogap beripdir. Halypasynyň hikmetli sözleri şägirdini galkyndyrypdyr. Aýtmaklaryna görä, ol şägirt soňlugy bilen piriň iň ökde talyplarynyň biri bolup ýetişipdir.
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» kitabyndan.