Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän pent-nesihatlary, ulyny sylamak, kiçini söýmek we agzybirlikligi berkitmek ýörelgelerine eýermek ýaly asylly däpleri halkymyzyň ruhy mirasyna pugta ornaşyp, demokratik ýörelgeler bilen utgaşykly sazlaşýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzda jemgyýetiň agzybirliginiň milli esaslaryny berkidýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Häzirki döwürde döwletiň syýasy durmuşynda has täsirli orun eýeleýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty dürli ýaşdaky jemgyýetiň wekillerini öz içine almak bilen döwletiň halk bilen jebisligini, sazlaşykly hereketini üpjün edýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary bilen ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bagtyýar şu güni we röwşen geljegi babatynda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr» diýip, buýsanç bilen belleýär. Milli Liderimiziň şeýle ganatly sözleri biz — ýaşlara her bir işde, ylmy başlangyçlarymyzda ruhy güýç berýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň hut özi bize her bir işde görelde mekdebi bolup durýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýaşlaryň durmuşy bilen baglanyşykly-da birnäçe taryhy çözgütler kabul edilýär. Bu bolsa döwletimizde sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, ylymly-bilimli, kämil hünärli we başarnykly ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmakda giň şertleri açýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary esasynda döwletimizi ösdürmekdäki ädimlerde, giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýaşlaryň-da tekliplerine we pikirlerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň belleniljek günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, şu günler jemgyýetçilik guramalary bilen maslahatlary geçirýäris. Şeýle netijeli işleri ýene-de agzybirlikde we yzygiderli dowam etdireris. Her bir işde biz ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Aýjahan MOLLAÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.