Şu günler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan taýýarlyk işleriniň gerimi ýokary wekilçilikli edaranyň jemgyýetçilik durmuşymyzdaky möhüm ornuny açyp görkezýär. Çünki, Halk Maslahatynyň her bir mejlisi jemgyýetçilik gurluşynyň hem-de milli demokratiýanyň gadymy kämil däplerini dünýäniň bu babatda gazananlary bilen sazlaşykly utgaşdyryp, döwrebap röwüşde dowam etdirilýänliginiň özboluşly subutnamasyna öwrülýär. Agzybir halkymyzyň bähbitlerini naýbaşy orunda goýýan bu ýokary wekilçilikli edaranyň alyp barýan işleriniň çuňňur mazmunynda döwletiň we raýatyň gatnaşyklarynyň häzirki zaman dünýäsiniň ýokary talaplaryna esaslanmak arkaly, milli kanunçylyk ulgamynyň çäklerinde örän oýlanyşykly, döredijilikli, sazlaşykly ýola goýulandygyna, hukuk kadalarynyň çygrynda düzgünleşdirilendigine doly göz ýetirmek bolýar. Şunda halkymyza mahsus ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ýol-ýörelgelerimiziň bu babatdaky umumadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy guwandyryjydyr. Munuň özi Milli Liderimiziň giň gerimli özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nurana ýolundan röwşen geljege tarap okgunly öňe barýan ata Watanymyzyň köptaraply ösüşiniň mizemez binýadyny kemala getirýän häsiýetli aýratynlygy görkezýär. Hut şu häsiýetli aýratynlyk il agzybirligini, jebisligini dowamly pugtalandyryp, mähriban Diýarymyzy rowaçlygyň, ägirt uly taryhy taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýän, dost-doganlyk, hoşniýetli gatnaşyklaryň pajarlaýan mekanyna öwürdi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm wezipeler hem-de olar babatda kabul ediljek ilhalar çözgütler ýurdumyzyň berkararlyk ýyllary içinde gazananlaryny pugtalandyrmakda, mundan beýläk-de baýlaşdyrmakda, bagtyýar durmuşymyzyň binýadyny berkitmekde egsilmez güýje öwrüler. Şeýle-de, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, jemgyýetçilik-syýasy, kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze taryhy eýýamyň belent sepgitlerine ýetmekde mynasyp orny eýelär. Munuň özi mähriban Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny, abraý-mertebesini täze belentliklere göterip, milli demokratiýanyň hem-de halk bilen döwletiň bitewiliginiň, jebisliginiň gazanylýan ähli üstünliklerdäki mynasyp ornuny ýene bir ýola jümle-jahana ýaýar.
Türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgelerini şunuň ýaly üstünlikli dowam etdirýän we kämilleşdirýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, taryhy tutumlaryna hemişe üstünlikler hemra bolsun!
Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.