HAZAR DEŇZI – DOSTLUK DEŇZI

     Ýurtda döredilen ekologiki kanunçylyk ulgamy döwlet tebigaty goraýyş syýasatyny netijeli amala aşyrmaga we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Esasy üns Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz gurşawyny goramaga berilýär.

     Hazar deňziniň döwlet ekologiki strategiýasy we tebigaty goraýyş meselelerini hukuk taýdan sazlaşdyrýan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň ýöriteleşdirilen gurluş düzüminiň “Hazarekogözegçilik” Hazar ekologiki gullugynyň işgärleri deňiz we kenarýaka suwunyň ýagdaýy boýunça monitoring geçirýärler.

Türkmenistan halkara ýöriteleşdirilen guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda bar bolan we bolup biläýjek ekologik meseleleri çözmekde öňünden duýdurmagyň täzeçe çemeleşmesini teklip edýär. Hazarýaka ýurtlary bilen bilelikde nebit bilen hapalanma hadysasy bolan ýagdaýynda sebitleýin taýýarlyk görmek, seslenme we hyzmatdaşlyk Protokoly hem-de gury ýerde amala aşyrylýan işleriň netijesinde Hazar deňziniň hapalanmagyny goramak boýunça Protokol kabul edildi. Hazarýaka döwletleriniň wekilleri 2014-nji ýylda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna biologiki dürliligi saklap galmak boýunça Protokoly kabul etdiler.

     Döwlet tarapyndan alnyp barylýan köp ugurly ekologiýa syýasaty Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak meselelerinde hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Tähran konwensiýasynyň borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Sebitiň ýurtlary Hazaryň ajaýyp tebigy gurşawyny we biologiki dürli-dürliligini goramak we saklamak boýunça boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça ylalaşykly ädimlerini ätmegi dowam etdirýärler.

     1996-njy ýylda Türkmenistanda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça başlanan taslamanyň tamamlanmagy halkara ähmiýetli taryhy waka öwrüldi. Ondan has ozal Hazar deňziniň täze halkara-hukuk derejesi hakyndaky gepleşikler 1992-nji ýylyň fewral aýynda Tähranda geçirilen Kenarýaka döwletleriň birinji maslahatynda başlandy.

 

Hajymyrat MUHAMMETORAZOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

we informatika institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY