WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň hem-de Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň bilelikde gurnamagynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen «Kanunçylygyň hukuk tertibini pugtalandyrmak we döwlet syýasatyny wagyz etmek» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresi uly ähmiýete eýe boldy.

     Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda türkmen halkyna mahsus bolan watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemekde, olaryň başlangyçlaryny goldamakda hem-de höweslendirmekde we kämil, berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny, maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýetleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dogrusynda bellediler.

     Şeýle hem çykyşlarda bellenişi ýaly, ýurdumyzda hukuk medeniýeti we işi has-da pugtalandyrylýar, her bir raýatyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň dünýä ösüşi bilen sazlaşykly hereket etmegini hem-de adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulmagyny esasy wezipe edip goýdy. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda kämil milli kanunçylygymyzyň bolmaklygy döwrüň talaby bolup durýar.

 

Didar GELDIÝEW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY