Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp zamana. Şu ajaýyp zamanamyzyň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Bagtyýar ilimiziň senenamamyzyň ajaýyp, naýbaşy baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýan gününiň her biri hormatly Prezidentimiziň oňyn özgertmeleriniň, bagtyýar başlangyçlarynyň agzybirlik we tutanýerlilik bilen durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde şanly wakalara beslenýär.
Biziň ata-babalarymyz hemişe garaşsyzlygy, azatlygy, erkinligi arzuw edip gelipdir. Ata-babalarymyzyň arzuw eden zamanasynyň gelip ýetenine şu ýyl 33 ýyl dolýar. Ynha, indi 33 ýyl bäri türkmen halky erkana ýaşaýar. Ilimiz diline, dinine, milli däp-dessurlaryna, şöhraty eýýamlara ýaň salan ata-babalarymyzyň edim-gylymlaryna, görüm-göreldelerine, dogduk Diýaryna eýe boldy. Indi Türkmenistany bilmeýän, onuň ähli ugurdan ösüşlerini görmeýän ýurdam, halkam ýok bolsa gerek. Häzirki döwürde Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hatarynda barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz döwletimiziň ähli ugurlarda uly ösüşler gazanmagyna öz oňyn täsirini ýetirdi. Şeýle ösüşler biziň ylym-bilim ulgamymyzda hem durnukly saklanýar.
Garaşsyzlygyň datly miwelerinden dadyp, toý desterhanlaryny giňden ýazyp, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, her bir toýy uludan tutýan türkmen halkymyza hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris !
Biz, ýaş hünärmenler, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy has-da ösdürip, halkymyzy bagtyýarlykdan bagtyýarlyga alyp gitmekde bitirýän taryhy işlerini goldap, Watanymyzyň ylym-bilim binýadyny berkitmäge mynasyp goşandymyzy goşarys. Halkymyza eşretli durmuşda ýaşamaga, dünýä derejesinde bilim alyp, döwrebap tehnologiýalarda işlemäge we ylymda täzelikleri döretmäge mümkinçilik döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri has-da rowaç alsyn !
Mährijemal TOÝMÄDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.