Soltan Mahmyt Gaznalynyň ýörişleriniň birinde älem-jahany gara bulutlar gaplap alypdyr. Ýerli porhanlar, jadygöýler we tilsimbazlar Soltanyň goşunlarynyň öňe ilerlemegine, öz ýurtlarynyň jümmüşine aralaşmagyna päsgel bermek üçin ähli hokgalaryny, pirimlerini ulanyp, howany bulaşdyrýan ekenler. Şeýdip, Mahmyt Gaznalynyň goşuny çar tarapy daglyk bilen örtülen gür tokaýlygyň içinde gabalyp galyberipdir. Zemin bilen Asman arasyny tutan we birnäçe gün bäri dowam edýän ýagyş-ýagmyrdyr ümür-dumandan ýaňa haýsy tarapyň Kybla, haýsy tarapyň gaýradygyny hem aňşyrar ýaly bolmandyr. Soltan ähli müneçjimlerini, alymlaryny, harby serkerdelerini çagyryp, geňeş edipdir, bu ýagdaýyň çykalgasyny sorapdyr, emma orta atylan pikirleriň bary netijesiz tamamlanypdyr. Soltan birsellem oýurganyp oturypdyr. Soňra dyzyna kakyp: «Wah, bar günä özümde, ilki etmeli zadym iň soňunda akylyma gelýär. Her zadyň alajyny adamlardan öňürti Alladan dilemegim gerek ahyry. Töwekgelligimi puç etmäýin» diýipdir. Soňra bir gyra çekilip, Perwerdigäre mynajat edip başlapdyr: «Eý, Ýaradan Allam, säwligimiz sebäpli, bize gudratyňy görkezdiň, indi geçirimliligiňi hem görkez. Çünki Seniň geçirimliligiň gazabyňdan rüstemdir» diýip, dileg-doga edipdir. Täsin ýeri, şondan soňra tiz wagtda howa açylyp, daş-töwerek mazaly durlanypdyr. Soltan bolsa töwekgelçilige ýugrulan ýeňişli ýollaryna tarap ugur alypdyr.
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» kitabyndan.