KÜŞDÜŇ GÖZELLIGI

     As-Sulynyň döredijilik işi halyf ar-Razynyň döwründe has rowaçlanýar. Taryhçy Mesgudy gyzykly bir maglumaty berýär: «Günlerde bir gün halyf ar-Razy awa-şikara çykanda bir gülzarlygyň üstünden barýar. Täsin öwsüp duran güller halyfyň kalbyny heýjanasalýar. Ol ýanyndaky adamlaryndan: «Heý, şundan gözel zady ozal görüpmidiňiz?» diýip sorapdyr. Olar hem gülzarlygy biri-birinden beýik taryp etmäge, halyfyň göwnünden turmaga jan edipdirler: «Dünýäniň ähli gülleri jem bolsa hem, munça gözellik emele gelmezdi», «Megerem, bu behişdiň kokusy», «Gözelligiň asyl gönezligi şu meýdandyr» diýipdirler. Emma halyf ar-Razy başyny ýaýkapdyr: «Ýok, siz her näme diýseňizem, meniň diýjegimden juda bärden gaýdýar. As-Sulynyň oýunlary mundan we siziň ähli wasplaryňyzdan has owadan görünýär» diýipdir.

 

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR