BILMEK BILMEZLIKDEN HAÝYRLY...

     Abu Reýhanyň ylyma berlenligi hakda rowaýatlar örän kän. Bir gezek ol agyr ýarawsyz ýatyrka dostlarynyň biri halyny soramaga gelipdir. Sähel mejaly bolan Biruny ondan bir mesele hakda sorapdyr. Ol adam: «Haly teň ýagdaýda ýatyrsyň, bu wagt ylym bilen meşgullanmak hökmanmy?» diýip sorapdyr. Biruny oňa «Men bu dünýäden şuny bilmän gidenimden bilip gidenim haýyrly dälmi näme?» diýip sorapdyr. Soňra ikisi bu meseläniň üstünde dürli piker alşypdyrlar. Ahyry Biruny kanagatlanarly jogap tapypdyr. Ol adam çykyp gaýdýar we ýolda gelýärkä hem Birunynyň dünýäden ötendigi hakdaky habary eşidip galýar.

 

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Öňki makala

KÜŞDÜŇ GÖZELLIGI

Indiki makala

HERSINDEN ON ESSE

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR