Ussat kätip, wezir Reşideddin Watwat örän dilewar we şerebeli sözleri bilen söhbetdeşini dymmaga mejbur edýän ekeni. Bir gezek Horezmşa Atsyz ýanynyň wezir-wekilleri, nökerleri bilen çarbagda gezim edip ýörkä, bir zada göwni göterilipdir-de, Watwata ýüzlenip: «Şu wagt bendesiniň berip bilýän zatlaryndan göwnüň halanyny isle, sen näme isleseň, men hem şonuň on essesini islejek» diýipdir. Reşideddin Watwat: «Şany beýik şahym, dereje-mertebäňiz meniňkiden müň mertebe ýokary bolsa-da, meniň isleýän zadymy islemäge gaýratyňyz çatmaz» diýipdir. Hökümdar «Şu gezeg-ä seni tutsam gerek» diýip, içinden pikir öwrüpdir-de: «Meýliň bolan zady, isleýän zadyňy derhal gaşyňda häzir ederin, soraber» diýipdir. Watwat hökümdara garap: «Şu wagt men-ä ýagyrnyma ýüz gamçy urulmagyny isleýärin, senem şonuň on essesini alaý onda» diýip, jogap beripdir. Horezmşa Atsyz bu islege näme diýjegini bilmändir we bu gezek hem Watwatdan asgyn gelendigini boýun alypdyr.
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» kitabyndan.