TÜRKMENISTAN ÝB BILEN MERKEZI AZIÝANYŇ ARASYNDAKY 12-NJI DIALOGA GATNAŞDY

Duşenbe şäherinde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary derejesinde syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli 12-nji Dialog geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy habar berdi.

Mejlise Ýewropanyň Daşary syýasat gullugynyň wekilleri, şeýle hem Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan ýokary derejeli wekiller gatnaşdylar. Bu çärede türkmen tarapyna Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Goçmyradow wekilçilik etdi.

Duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gyzyklanma döredýän birnäçe möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.

turkmenportal