Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji iýulda ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi.
Şeýle hem Gahryman Arkadag Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag welosipedde gidip barşyna, jana tenekar ýakymly howa gurşawy bolan giňişligi synlady.
Halk Maslahatynyň Başlygy Awazanyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän sport toplumynyň ýanynda saklandy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň içine girdi we adaty endigine eýerip, bu ýerde irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň daşyna çykyp, deňziň kenary boýunça welosipedli gezelenjini dowam etdi.
Gahryman Arkadag deňziň kenarynda birsellem gezim etdi. Soňra deňziň kenary boýunça gezelenjini welosipedde dowam edip, kenaryň saýaly baglara beslenen künjegini synlady.
turkmenportal