ŞYGYRDAN TÄSIRLI JÜMLELER

     Soltan Sanjaryň köşgi edebiýat meýdanynyň ägirtleri bilen hemişedolup-daşar ekeni. Alys ülkelerden hem onuň şanyna goşgy okamaküçin huzuryna geler ekenler. Şeýle günleriň birinde çetki obalardan bir ýaşuly adam soltanyň myhmany bolupdyr. Köşgüň içi tanymal söz ussatlaryndan ýaňa hyň berýän eken. Özleriniň goşgy-gazallary bilen soltanyň alkyşyna eýe bolup, şöhrata öwrenişen şahyrlar bu obaly ýaşula kän pisint etmändirler. Emma soltanyň edähedi şeýle: ýüreginde joşgun ýa umyt bolan raýatyny hergiz lapykeç goýbermez eken. Ýaşulynyň okan goşgusynda bogun-kapyýa, tagam-dat bolmasa-da, soltan onuň yhlasyny boş goýmak islemändir: «Ajaýyp setirleriňiz bar, kä ýerinde sözüň ýöntemligi şygryň tagamyny gaçyrsa-da, onuň ýürekden çykýandygy şygra öwüşgin berýär. Hany aýt, bu goşgyň üçin seň hormatyňa laýyk peşgeş bereýinmi ýa-da meň hormatyma laýyk?» diýipdir. Ýaşuly: «Soltanymyz, öz hormatyma laýyk eçiliň» diýipdir. Soltan muny dessine ýerine ýetirmeklerini buýrupdyr. «Ejaza berlen wagty, näme üçin meň hormatyma laýyk dilemediň, has köpüsini gazanyp bilerdiň?!» diýip, soltan obaly ýaşula bakypdyr. «Soltanymyz, siziň hormatyňyza laýyk hem diläp bilerdim, ýöne oňa barabar zadyň dünýäde ýokdugyna aklym çatansoň, özüme laýygyny diledim. Dünýäniň barça mal-mülki, genji-käni jem bolanda hem siziň hormatyňyzyň ýanynda peşeçe bolmazdy» diýip, ýaşuly jogap beripdir. Bu sözler soltanyň hoşuna gelipdir. «Ýerinde jaýdar aýdylan owadan söz müňlerçe şygyrdan täsirli ýaňlanýar» diýip, soltan onuň engamyny ýene-de artdyrmaklaryny buýrupdyr.

 

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Öňki makala

HERSINDEN ON ESSE

Indiki makala

WATAN TOPRAGY

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR