Soltan Jelaleddin söweşip ýörkä, agyr ýaralanypdyr. Öňler dessine aýak üstüne galyp, sagalyp gidýän Jelaleddiniň tenine düşen ta yzlarynyň bitmesi kyn bolupdyr. Tebipdir lukmanlar dürli-dümen melhem ulanyp görüpdirler, emma netije bermändir. Ahyry soltanyň özi: «Maňa Horezmiň gumuny we Jeýhunyň suwuny getiriň. Watan topragy ähli derde derman, iň agyr ýara melhemdir» diýipdir. Aýdyşy ýaly, Watan topragyny ysgap, suwuny içenden soňra, soltanyň ýagdaýy görnetin gowulanyp başlapdyr. Tiz wagtdan hem derdinden gutulyp, aman-sag aýak üstüne galypdyr.
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» kitabyndan.