GAMGYN BOLMA, ÜNJÜLERI TERK ET!

     Aşa rahatlyga çümmek mömin üçin gapyllykdyr. Işsiz, boş oturmaklyk ölüm howpludyr. Işsizlik bikärlikdir. Gününi gaýgy-gam bilen geçirýänleriň, göwnüçökgünlige düşýänleriň köpüsi hem hiç bir zada meşgul bolmaýan, haýyr işe güýmenmeýän we wagtyny boş geçirýänlerdir. Wagtyňy boş geçirmek hoş geçirmek däldir. Netijeli we sogaply işi edip bilmeýän bu biçäreleriň, bikärleriň sermaýasy bolgusyz gep gybatlardan we howaýy hem-de howsalaly myş-myşlardan başga zat däldir. Gozgan we işle, hereket et! Bir peýdaly işiň başyna bar. Gerekli kitaplary oka. Sežde et, tesbih aýt. Bir zatlar ýaz. Dost-doganlaryňa zyýarata bar. Biperwaý oturma, wagtyňy peýdaly ötür. Hatda bir minutyňy hem boş we bimany geçirmejek bol. Işsiz oturan günleriňde ýakymsyz duýgular, howsalalar we waswasylar oslamaýan ýeriňden hüjüm edip, ýüregiňi eýelär. Kalbyň-süňňüň şeýtanyň oýun meýdançasy bolup galar.

 

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Öňki makala

WATAN TOPRAGY

Indiki makala

AKYLLY KAZY

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 44 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 424 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 428 okalan

KESIR