Tüçjar baýlaryň biri daýhana özüniň guýusyny satypdyr. Ekin möwsümi gelende daýhan ýaňky guýusynyň suwuny peýdalanmak isläpdir, emma tüçjar baý: «Men saňa guýyny satdym, onuň içindäki suwy satmadym. Eger-de ekiniňi suwarmakçy bolsaň, suwuň bahasyny aýratyn tölemeli bolarsyň» diýipdir. Daýhan bu geleşige razy bolmandyr we kaza ýüz tutupdyr. Kazy hem taraplary diňlemek üçin tüçjary kazyýete çagyrypdyr. Kazy tüçjar baýa: «Eger-de sen diňe guýyny satyp, içiniň suwuny satmadyk bolsaň, onda sen öz suwuňy onuň guýusynda saklandygyň üçin daýhana hak tölemeli bolýarsyň. Bolmasa-da guýyň ähli suwuny oňa bagyş etmeli bolýarsyň» diýipdir. Tüçjar baý bu ýerde ähli hile-piriminiň, öňden taslan ýaman päliniň ýol almajakdygyna düşünipdir we öýüne lapykeç dolanmaly bolupdyr.
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» kitabyndan.