MILLI GYMMATLYKLARYMYZ — RUHY BAÝLYGYMYZ

Türkmen topragymyz bahasyna ýetip bolmajak milli medeni gymmatlyklara baýdyr. Olara ýurdumyzyň geçmiş taryhyny şöhlelendirýän gadymy ýadygärliklerden başlap, şöhratly ata-babalarymyzyň akyl-paýhasyndan kemala gelen ajaýyp sungatymyzyň köp görnüşi degişlidir.

Ýurdumyzyň çäginde uzak ýyllaryň dowamynda geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri, olaryň netijesinde edilen ajaýyp açyşlar mähriban topragymyzyň heniz üsti açylmadyk gymmatlyklara baýdygyny aýdyň görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak, öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek meselelerine möhüm ähmiýet berýär. Milli taryhy-medeni mirasymyz bütin dünýäde wagyz edilýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmek, goramak we dikeltmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bagly maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, baý medeni mirasynyň, milli gymmatlyklarynyň mundan beýläk-de ylmy esasda öwrenilmegine, geljekki nesillere häzirki durkunda ýetirilmegine, dünýäde giňden wagyz edilmegine uly itergi berer.

Ýurdumyzyň örän baý muzeý gymmatlyklary olar bilen tanyşmaga barýan ýaşlarymyza uly ylham berýär. Ýaşajyk suratkeşler, geljekki zergärler, tikinçiler we küýzegärler öz döredijilik işlerinde bu ajaýyp nusgalary dünýä ýaýýarlar. Munuň özi nesilden-nesle geçip, aýalyp saklanylýan milli medeni mirasymyzyň gymmatynyň hiç haçan egsilmejekdigini aýdyň görkezýär.

Oguljeren ÇENDIROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Öňki makala

SADAKA

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 47 okalan

SADAKA

10 Iýul 2025 | 73 okalan

ARASYNDA DYNÇ HEM AL…