GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENISTAN BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY KITABYNDAN

GADYMY MERW

Günbatarda irki zamanlarynda «Ähli ýollar Rime eltýärler» diýen aýtgynyň meşhur bolşy ýaly, orta asyr Gündogarynda hem «Ähli ýollar Merwe eltýärler»diýlendigi bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Hawa, eýsem-de Merw nähili şäherdi? Merw häzirki günde Меrw şäher galalarynyň hem-de köşkleriniň, toýundan salnan ýaşaýyş jaýlarynyň, birnäçe aramgähiň, seýilgäh toplumynyň, dürli ymaratlaryň, buzhanalaryň täsin galdyryjy taryhy yzlarydyr. Günortasy Baýramaly şäheri, beýleki taraplary ekin meýdanlary we häzirki zaman obalary bilen gurşalan goralyp saklanýan ýerlerdir. Indi bu ýerleriň käbir maglumatlarda malim edilmegine gora, orta asyrlarda ilat sanynyň milliondan hem geçendigi hakda aýdylýanlary göz öňüne getirmek-de kyn. Marynyň geçmişi, edil onuň üstüni müňýyllyklaryň dumany gaplan ýaý, öran syrly. Hatda gadymy şäheriň ýaşy hakynda-da ylymda kesgitli pikir ýok. Bir zat welin anyk, Merw gülläp ösen gadymy Margiananyň paýtagty, kerwen ýollarynyň hem möhüm bir çatrygy bolupdyr.

Orta asyr zamanlarynda Merw «Şahyjan» diýen ady aldy. Bu bolsa, «Şalaryň jany» diýen manyny aňladýar ahyryn! Şäher dogrusyndaky ýene bir hakykaty ýatlasak gowy bolarmyka diýýärin. Orta asyr sene ýazgylarynda şäher – «Horasanyň ähli şäherleriniň enesi» we «Dünýäniň daýanjy bolan şäher» diýlip hem häsiýetlendirilipdir. Ýer ýüzünde şular ýaly tarypa eýe bolup biljek gadymy mekanlary köp tapyp hem bolmaz. Merw gülläp ösen döwürlerinde bolsa, Orta Aziýada deň-taýsyz megapolis – iri şäher bolupdyr. Iň bärkisi Samarkant hem-de Buhara, Warahşa hem-de Penjikent ýaly şöhraty ýetik şäherlerem onuň ýanynda ýönekeýje bir şäherdi. Zoroastrizme degişli edebiýatlarda bellenilmegine gora, Hyrat, Balh ýaly şäherlerden soň, üçünji “bolçulyk hudaýy” Merwde orun alandyr. Irki döwürlerde Merwi tajirleriň hem-de alymlaryň şäheri diýip hem atlandyrypdyrlar. Darajyk köçeler, çeşmejikler ýaly, köp adamly bazarlara tarap akypdyr. Giden uly mähellede her hili reňkli selleliler, tahýalylar, ýaglyklylar, telpekliler, baganalylar, çüri telpekli müneçjimler gözüňe ilýän ekeni. Dürli ýurtdan gelenler daň atanyndan, bir zat satyn almagyň ýa-da satmagyň, ýa-da haýsydyr bir zady alyş-calyş etmegiň aladasy bilen, bazar tarapa alňasapdyrlar. Bazarda göwün isläniňi tapyp bolýar ekeni. Söwda gatnaşyklarynyň şeýle ýokary derejede guralmagynyň syry, eýsem, nämededikä?! Örküjini yrap gelýän düýeli kerwenler haltalarda gizlenen nähili hazynany getirdilerkä?!

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 51 okalan

SADAKA