Rowaýatlara görä, çöl içinde eşegi, iti we horazy bolan bir pukara bende ýaşaýan eken. Horaz olary ertir namazyna oýarsa, iti olary gorapdyr. Eşegi bilen bolsa çadyrlaryna odun, suw we goş-golamlaryny daşapdyr. Bir gün tilki gelip olaryň horazyny alyp gidipdir. Öýdäkiler muňa gynanypdyr. Ýöne öý eýesi ýagşy adam bolansoň «Bähbit bolsun!» diýipdir. Soň bir gün möjek gelip, eşeginiň garnyny ýaryp öldüripdir. Öýdäkiler muňa ýene gynanypdyrlar. Emma öý eýesi ýene «Bähbit bolsun!» diýipdir. Şondan az salym soňra olaryň iti hem bir kesel tapynyp ölüpdir. Öýdäkiler muňa öňkülerden hem beter gynanypdyrlar. Öý eýesi bolsa: «Bähbit bolsun! Hudaý etse, ýönelige edýän däldir. Aňyrsynda hökman gizlin hikmet, bähbit ýatandyr» diýipdir. Bir gün irden turup görseler, goňşularynyň öýi ýykan-ýumran, howlulary talanan, mallary sürlen, barça adam ýesir edilip äkidilen eken. Garakçylar ýaňky garybyň öýünde ite-guşa gözi düşmänsoňlar, ol ýerde adam ýaşaýandyr öýtmändirler. Şeýdibem aman galypdyrlar.
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» kitabyndan.