Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň guramagynda Bäherden Çeper halyçylyk kärhanasynda «Ýurduň ýaşlary — bagtyň açary» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna halyçy gelin-gyzlar, şeýle-de bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan duşuşykda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler barada gürrüň edildi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişi dogrusynda bellenip geçildi.
Duşuşykda ýaşlara Watanymyzyň beýik ösüşlerine goşant goşmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, watansöýüjilik bilen bagly öwüt-ündewler aýdyldy. Bu çärä gatnaşanlar ýaşlar hakdaky aladany döwlet syýasatynda ileri derejede ähmiýet berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Amansoltan ANNAMUHAMMEDOWA,
Ahal welaýatynyň Bäherden etrap bilim
bölüminiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.