Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hem-de «Miras» teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlanmagynda ýaýlyma berilýän «Milli miras – nesillere görelde» atly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy edildi. Oňa ady agzalan edaralarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşyp, gepleşigiň bu sany milli gymmatlyklarymyzyň ajaýyp nusgalarynyň biri bolan türkmen tahýasy barada boldy. Çykyşlarda zenanlar türkmen tahýasynyň taryhy, onuň görnüşleri, tikilişi, oňa salynýan nagyşlar, şol nagyşlaryň aňladýan manylary dogrusynda täsirli gürrüň berdiler. Döwlet muzeýinde saklanýan gadymy tahýalar, olaryň sebit aýratynlyklary, gadymy taryhy baradaky ylmy, taryhy maglumatlara esaslanyp, şol muzeýde zähmet çekýän hürärmeniň çykyşy bolsa gepleşigiň täsirini has-da artdyrdy. Milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, olary gorap saklamakda, şeýle hem dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlar bolsa söhbetdeşlikde buýsanç bolup ýaňlandy.
Jemal SAPAROWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň bölüm redaktory.