TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI BILEN EÝRANYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER BAŞLANDY

     Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna bardy. Iş sapar bilen ýurduň paýtagtynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda gepleşikler başlandy. Bu barada TDH habar berdi.

     Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ikiçäk we giňeldilen düzümindäki duşuşyklaryň dowamynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşarlar, şeýle hem halkara we sebit derejesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitmlemäge gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

     Ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryna gol çekilmegi meýilleşdirilýär diýlip, habarda bellenilýär.

 

turkmenportal

28.08.2024ý.