Tebigat bilen adamzadyň arasyndaky aragatnaşyk edil älem-jahan ýaly örän gadymydyr. Tebigat bilen adamzadyň arasyndaky uzak taryhy döwrüň dowamynda emele gelen, kämilleşen sazlaşykly aragatnaşyk halkyň hal-ýagdaýynyň, onuň maddy, ruhy üpjünçiliginiň, bütin adamzat jemgyýetiniň baýlygynyň artmagyna getirýär. Şol sebäpli hem, tebigatyň iň bir gazaply sowugyň höküm sürýän ýeri bolan demirgazyk ýurtlarda-da, jöwzaly yssylaryň dowam edýän çöllüklerinde-de halklar ençeme asyrlaryň dowamynda tebigata sarpa goýmak, onuň baýlyklaryny aýawly saklamak, paýhasly ulanmak endiklerini nesilden-nesle geçiripdirler. Halkymyzyň uzak taryhy geçmişine göz aýlasak, biziň pederlerimiz üçin ene topraga, onuň genji-hazynalaryna eýeçilik gözi bilen garap, olary rejeli peýdalanmak, aýap saklamak, baýlaşdyrmak ýaly asylly däpleriň ata-babalarymyza mahsus häsiýetler bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Ata-babalarymyzyň şunuň ýaly umumadamzat bähbitli asylly däpleriniň netijesinde, tebigatyň baýlyklary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde, tebigatymyzy goramak, ony gözelleşdirmek barada birnäçe Kanunlar, Permanlar kabul edildi. «Tebigaty goramak hakynda», «Ýerasty baýlyklar hakynda», «Haýwanat dünýäsini goramak we ondan tygşytly peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary munuň aýdyň şaýadydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bu günki gün eziz Watanymyzyň obadyr şäherleriniň töwerek-daşy gür baglyga bürenýär. Munuň özi, adamlaryň ýaşaýan ýerleriniň barha gözelleşmegine, ol ýerlerde arassa howanyň döremegine, adamlaryň tebigatyň ajaýyp gözelliginden lezzet almagyna itergi berýär. Demir hem gara ýollaryň gyrasynda yhlas bilen oturdylan agaçlar ulaglardan goýberilýän zäherli tüssäni zyýansyzlandyrmakda, adamlaryň, ösümlikleriň, haýwanlaryň ýaşaýan ýerleriniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak iňňän bähbitli sogaply işlerdir.
Tebigat biziň hemmämiziň umumy öýümizdir. Ony goramak bolsa, biziň mukaddes borjumyzdyr.
Aýnabat GURBANBAÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni,
TMÝG-niň işjeň agzasy.