ÇÖREK BILEN BAGLY TÄSIN YRYMLAR

     Nahar bişirmek üçin hamyr ýugurmaga girişilende, ilki bilen, «Iýilen-içilen Hudaý ýoluna sadaka bolsun!» diýmeli we yz ýanyndan duz atmaly.

 

     Çöregi bir eliň bilen döwseň, rysgalyň gaýdýar, iki ýerinden döwseň, has-da rysgalyň gaýdýar.

 

     Ýerden çörek tapsaň, alyp, üç gezek maňlaýyňa degirmegiň öz hikmeti bar. Birinjisi, ýere taşlan adamyň günäsiniň geçilmegi üçin, ikinjisi, ony görüp, ýerden götermedik adamyň günäsiniň geçilmegi üçin, üçünjisi, öz günäňi geçmegi Beýik Biribardan dilemek üçindir.

 

     Myhmana tagamy üç gezek hödür etmegiň hem öz hikmeti bar eken. Birinjisi – Hudaýyň haky üçin, ikinjisi – myhmanyň haky üçin, üçünjisi – öý eýesiniň haky üçin hödür etmeli eken.

 

     Çörek bişirip durkaň, çörege sepelenýän suwdan içseň, sogap bolýarmyş. Çünki perişde nazary düşen suw hökmünde ynanylýar.

 

     Bu yrym has täsin. Çörek bişireniňde, gapdalyndan hökman kiçijek kökeler edilýärmiş. Hikmetiň aňyrsynda çagaň köpelip gider diýlen yrym bar.

 

     Çörek almak üçin saçaga iki adam birden el uzatsa, myhman gelýär.

 

     Nahar iýip bolandan soňra, doýdum sözi diýilmeýär. «Nahardan nesip edenden boldum» ýa-da «Nesip edenden iýip boldum» diýseň, rysgalyň artýar.

 

     Tabagyň düýbünde az-owlak nahar galdyrmak günä hasaplanýar. Ynanja görä, galan nahar şeýtanyň paýy hasap edilýär.

 

     Iki adam birden okara-çemçä el uzatsa, oňat habara garaşyber.

 

Toplan: Maýa ÇOWDUROWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY